Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanda Merkezi Aziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 17-nji maslahaty geçirildi

07:3221.11.2015
2
2926

19-20-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda Merkezi Aziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 17-nji maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Mongoliýanyň, ÝHHG-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işleri boýunça edarasynyň we onuň sebitdäki wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem foruma mediýa syýasat babatda  halkara bilermenler çagyryldy. Duşuşygyň barşynda sanly tehnologiýalaryň ösmegi hem-de olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine täsiri bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenler maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we ulgamlarynyň ösmegi bilen baglylykda maslahatyň baş meselesiniň möhümdigini bellediler. Kommunikasiýalaryň täze usullary  maglumatlara elýeterliligiň has köp mümkinçiliklerini döredýär, bu bolsa olaryň erkin akymyna,  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpdürlüligine ýardam edýär.

Biziň wekiliýetimiziň agzalary ýygnananlary milli  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy iş ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Garaşsyz, Bitarap döwlet hem-de halkara hukugyň deňhukukly agzasy bolmak bilen, adamlaryň mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegini, hukuklaryny we azatlyklaryny doly amala aşyrmak mümkinçiliklerini, her bir raýatyň zähmet hem-de döredijilik kuwwatyny ileri tutýan ugry amala aşyrýar.

Raýat jemgyýetini ösdürmekde, milletiň medeni gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, artdyrmakda we ýaýmakda, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak hem-de estetika taýdan terbiýelemekde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jebisleşdiriji we birleşdiriji ornunyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Pikirleriň we olary beýan etmegiň  azatlygyny kepillendirýän düzgünler Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidildi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary maslahata gatnaşyjylary tehniki innowasiýalary we täze kommunikasiýa maksatnamalaryny nazara almak bilen kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynyň esasy düzgünleri bilen tanyşdyrdylar.

Forumyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň, habar beriş serişdeleri ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň