Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

0
1109
0
0

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  paýtagtymyzyň Ankara köçesiniň ugrunda bina edilen täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze binalar 12 gatly üç sany ýaşaýyş jaýyny, sport hem-de söwda merkezlerini we jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin binany öz içine alýar.

Bu ýerde bina edilen 12 gatly 72 öýli üç  sany ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany 72 müň 150 inedördül metre barabardyr. Olaryň her birinde üç, dört we bäş otagly,  giň hem-de otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýler göz öňünde tutuldy, olarda ýaşaýjylaryň amatly, abadan we many-mazmuna baý durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Olarda ýerasty awtoduralgalar hem bar. Belent jaýlaryň töweregi abadanlaşdyryldy we gök zolaklar bilen örtüldi.

Ýaşaýyş toplumynyň golaýynda meýdany 1,3 müň inedördül metre golaý  bolan söwda merkezi ýerleşýär. Iki gatly binanyň birinji gatynda gündelik zerur bolan azyk önümleriniň we mebelleriň   dürli görnüşlerini hödürleýän dükanlaryň ikisi,  ikinji gatynda çagalar we halkyň  sarp edýän  harytlary satylýan dükanlar bar. Ýaşaýjylaryň boş  wagtyny peýdaly geçirmegi we sport bilen  meşgullanmagy üçin medeni hem-de sport desgalary göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binalaryp toý bagyny kesip, bu ýerden öý alan Swiridowlaryň we Toýlyýewleriň maşgalalarynyň öýlerine baryp gördi.   Döwlet Baştutany öý eýelerini täze jaý toýy bilen gutlap, olara sowgat gowşurdy hem-de täze öýde bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Sport merkezine baryp, bu ýerde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Sport desgasynyň umumy meýdany 1 müň 200 inedördül metre golaýdyr. Onda bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin häzirki zaman enjamlar gurnalypdyr, çagalar we ulular üçin iki sany ýüzülýän  suw howdany ýerleşýär. Sport merkeziniň ýanaşyk ýerinde çagalar üçin açyk suw  howdany, tennis meýdançasy we woleýbol meýdançasy gurnaldy. Toplumyň ýaşaýjylary saglygyny berkitmek üçin bu ýerde döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler.

Soňra döwlet Baştutany Medeni-dynç alyş merkezine baryp, dürli jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Umumy meýdany 1,2 müň inedördül metrden gowrak bolan iki gatly bina dabaralary hem-de beýleki  çäreleri, şol sanda maşgala dabaralaryny  geçirmek üçin niýetlenendir. Bu merkez bir wagtda bäş ýüze çenli adamy kabul edip biler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru