Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy geçiriler

23:5419.11.2015
0
3709

Şu ýylyň 11 — 13-nji dekabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Sergi köşgünde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatdaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna, degişli ministrliklere we pudak edaralaryna bu sergi-ýarmarkanyň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasyna türkmen tarapyndan gatnaşýan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň sanawy tassyklanyldy.

Degişli ministrlikler we pudak edaralary sergi-ýarmarkasyny taýýarlamakda we geçirmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna ýardam bermäge borçly edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň