Türkmenistanda halkara nebitgaz forumy öz işini tamamlady

23:5419.11.2015
0
3998

19-njy noýabrda Aşgabadyň Sergi köşgünde halkara nebitgaz forumy öz işini tamamlady. Onuň çäklerinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy –2015“ atly halkara maslahat we sergi geçirildi.

Ykdysady gözden geçirilişe daşary ýurtlaryň nebitgaz we hyzmat edýän kompaniýalarynyň, Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Ýaponiýadan, BAE-den, Ýewropa Bileleşiginden, GDA  ýurtlaryndan, Günorta-Gündogar  Aziýa döwletlerinden dürli döwlet düzümleriniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, diplomatlar  gatnaşdylar.

Forumyň işiniň üç gününiň dowamynda däp bolan, her ýyl geçirilýän sergä gatnaşyjylar kärdeşlerini hem-de bu ýere gelen köp sanly adamlary  hödürleýän hyzmatlary hem-de çykarýan önümleri, geljegi uly işläp taýýarlamalary we uglewodorod serişdelerini çykarmak, ugratmak hem-de gaýtadan işlemek üçin  niýetlenen iň täze enjamlary,  nebithimiýada, gazhimiýada ulanylýan  tehnologiýalar, ugurdaş nebit gazynyň peýdalanylyşynyň usullary we beýlekiler bilen tanyşdyrdylar.

Dünýäniň 36 ýurdundan foruma gatnaşyjylaryň 400-den gowragy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy,  häzirkizaman tehnologiýalaryny çekmegiň, hyzmatlary  etmegiň tejribesi hem-de toplumy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň ýollary  bilen tanyşdylar. Maslahatyň we serginiň işiniň barşynda foruma gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň ýagdaýy we esasy ugurlary barada doly maglumatlary aldylar, tagallalary birleşdirmegiň hem-de maýa goýmagyň mümkinçiliklerini anyklaşdyrdylar, özara gatnaşyklaryň tejribesini alyşdylar.

Halkara forumyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşanlara diplomlar

hem-de  halkara derejesindäki sertifikatlar gowşuryldy. “Türkmenistanyň nebiti we gazy –2015“ atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň