Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmen jigitleri» we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny 50 müň amerika dollary bilen sylaglady

00:3519.11.2015
0
8463

Türkmenistanyň döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparlary ýakynda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen II Halkara sirk festiwalynda çykyş edip, türkmen bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny has belende galdyrdylar.

Garaşsyz Watanymyzda sirk sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de at üstündäki milli oýunlary ussatlyk bilen  ýerine ýetirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem bu toparlaryň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparlary 50 müň amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Merkezi bankyna görkezilen pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan bölüp bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň