Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda II halkara sirk festiwalynyň ýeňijileri “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitlerini sylaglamak dabarasy boldy

00:0619.11.2015
0
7185

18-nji noýabrda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de “Türkmen jigitleri” toparynyň agzalarynyň baýramçylyk dabarasy, aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylanyş dabarasy boldy. Olar Hytaýda II halkara sirk festiwalynyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldular.

Dünýäniň 22 ýurdundan sirk toparynyň 32-siniň arasynda ussatlar diýlip ykrar edilen hem-de festiwalyň baş baýragyna—Altyn kuboga mynasyp bolan türkmen atçylarynyň nobatdaky üstünligi dünýäniň esasy arenalarynda Türkmenistanyň abraýyny artdyrdy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Italiýada, Russiýada Ukrainada, Belarusda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda çykyş edip, uly seslenme döretdiler. Olaryň hasabynda abraýly halkara bäsleşiklerinde we sirk sungatynyň festiwallarynda gazanylan ýeňişleriň ençemesi bar.

Düýn irden aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtyň halkara howa menziline alyp barýan ýoluň ugrunda ýygnanyp, awtobusda gelýän halkara festiwalynyň ýeňijilerini “Aşgabat” kinoteatryna çenli aralykda mübäreklediler. Bu ýerde, baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada  aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Topar Aşgabadyň halkara howa menzilinden Döwlet sirkiniň öňündäki meýdança çenli dabarali ýöriş bilen getirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň döwlet sirkiniň  “Türkmen jigitleri” toparynyň ussatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Olara halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan nobatdaky ýeňişleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň