Soňky habarlar

Arhiw

Amangylyç Koçumow: «Janköýerlerimize ajaýyp goldawy üçin sagbolsun aýdýaryn»

11:0318.11.2015
0
2229

2:1 hasabynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanan duşuşykdan soňra Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Sowal: Ilki bilen sizi we siziň üstüňiz bilen milli ýygyndymyzyň ähli agzalaryny gazanylan möhüm ýeňiş bilen gutlaýarys. Siziň bu duşuşykdan soňky pikirleriňizi, garaýyşlaryňyzy bilmek žurnalistler üçin hem, giň janköýerler köpçüligi üçin hem gyzykly.

Jogap: Şeýle uly ýaryşlarda öz ýurduňda, öz janköýerleriň öňünde oýnamagyň jogapkärçiligi diýseň uly. Milli ýygyndymyzyň her bir agzasy bu hakykata örän aýdyň düşünýär. Şonuň üçin hem şu duşuşykda gazanylan uly ýeňşiň ilkinji sebäpkäri milli ýygyndymyzyň belent watançylyk söýgüsidir. Biziň Türkmenistnda geçirilen duşuşyklaryň birinde-de ýeňilmändigimiz, üç ýeňiş gazanandygymyz juda begendiriji.

Şu günki ýeňşiň ýene bir sebäpkäri hem 5-nji noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysy bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygymyzdyr. Elbetde, şol duşuşykda ýeňildik. Ýöne güýçli garşydaşlar bilen geçirilýän duşuşyklaryň biziň öz mümkinçiliklerimizi kesgitlemäge näderejede ýardam berýändigine şu gün ýene bir ýola göz ýetirdik. Öz derejämiz bilen deňçer ýa-da bizden pes derejeli toparlar, ýygyndylar bilen geçirilen duşuşyklaryň berýän miwesi örän az. Ýöne hernäçe güýçli ýygyndylar bilen duşuşsak, olarda ýeňeli ýa ýeňleli tapawudy ýok, biz oýnuň hili babatda kän zady gazanyp bileris.

Sowal: Ýeňiş gazanyldy. Toparçada-da Oman bilen aramyzy bir utuga çenli ýygyrdyk. Mundan soňky maksatlar barada hem aýdaýsaňyz.

Jogap: Aslynda, biz maksadymyza ýetdik diýen ýaly. Saýlama ýaryş başlamanka, toparçany üçünji orunda tamamlap, Aziýa çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyryna gatnaşmagy maksat edinýärdik. Biz häzir şol makadymyza has ýakyn. Güýçli garşydaşymyz Oman bilen aramyzy bolsa bir utuga çenli ýygyrdyk. Ýöne biziň bir duşuşygymyz, Omanyň ýygyndysynyň bolsa iki duşuşygy galdy.

Sowal: Duşuşykda jemi 8 sany sary kart görkezildi. Şol sanda olaryň ýarysyndan gowragy türkmen futbolçylaryna görkezildi. Hindistanyň ýygyndysy bilen boljak indiki duşuşykda bolsa Ruslan Mingazow, Ahmet Ataýew ýaly esasy düzümiň oýunçylary meýdana çykyp bilmez. Nobatdaky oýun hakda bir pikiriňiz barmy?

Jogap: 29-njy marta çenli entek wagt bar. Biz Ýokary liganyň oýunlaryna ýene-de tomaşa ederis. Üstesine-de ätiýaçdaky futbolçylarymyzyň arasynda hem nobatdaky duşuşyklara gatnaşyp bilmejekleriň ornuny tutup biljek oýunçylarymyz bar.  Bu duşuşykda bolsa görkezen yhlasy üçin men hut öz adymdan oglanlaryň ählisine minnetdarlygymy bildirýärin. Milli ýygyndymyzyň bu ýeňşi ýetginjekler ýygyndymyz, kiçi ýaşly ýygyndylarymyz üçin hem görelde bolandyr diýip pikir edýärin. Umuman ýygyndymyzyň ýagdaýy gowy. Oglanlar gitdigiçe tejribe toplaýarlar. Olary geljekde hem ýurdumyzyň abraýy üçin şeýle yhlasly oýunlary orta goýmaga çagyrýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, bizi öz ýurdumyzda geçirilen duşuşyklaryň ählisinde goldan janköýerlerimize aýratyn sagbolsun aýdýaryn. Şu günki duşuşykda-da janköýerleriň ajaýyp goldawy bardy. Biz olara minnetdarlygymyzy oýundan soň hem bildikdik welin, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýetirmek isleýäris! Köp-köp sagboluň, hormatly janköýerlerimiz! Siz diňe bir janköýer däl-de, milli ýygyndymyzyň bir parçasysyňyz, biziň 12-nji, 13-nji, 14-nji oýunçylarymyzsyňyz. Geljekki ýyllarda hem sizden şeýle ýokary dereje janköýerlige, muşdaklyga garaşýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň