Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 9-njy mejlisi boldy

0
526
0
0

17-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara  türkmen-rus  toparynyň  9-njy mejlisi boldy. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Başlygynyň orunbasary Sergeý Prihodkonyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna geldi.

Nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibi söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, suw hojalygy we obasenagat  toplumy, syýahatçylyk hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegine degişli bolan meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, yzygiderli häsiýete eýe bolan, däbe öwrülen bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça gyzyklanma bilen pikir alşyldy.   

Mejlisiň çäklerinde taraplar ozalky duşuşyklaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen işlere oňyn baha berdiler hem-de iki ýurduň gadymdan gelýän dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna  we özara düşünişmäge esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.

… Düýn geçirilen türkmen-russiýa işewürler maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary hakynda gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar dowam etdirildi.

   Aşgabadyň “Mizan” işewürlik merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga gatnaşmak üçin Russiýanyň iri kompaniýalarynyň, banklarynyň, döwlet we hususy telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Olaryň hatarynda Russiýanyň “Daşaryişbank”, “Roseksimbank” paýdarlar jemgyýeti, “Rossiýskiý eksportnyý sentr” paýdarlar jemgyýeti, “KamAZ”, “Obýedinýonnye maşinostroitelnyýe zawody” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Rosagromaş” assosiasiýasy, “Rostselmaş” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, “Ýarowit Energo” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Altaýwagon” paýdarlar jemgyýeti, “Uralwagonzawod” paýdarlar jemgyýeti, “Tatneft” paýdarlar jemgyýeti, “Wolgaburmaş” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Wertolýoty Rossii” paýdarlar jemgyýeti, “Morskiýe i neftegazowyýe proýekty” ýaly kompaniýalar we köp sanly beýlekiler bar. 

“Russiýanyň wekiliýetiniň agzalarynyň dykgatyna Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlary hakynda gürrüň berýän wideofilm hödürlendi.

Işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleriniň arasynda aýry-aýry ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi, olarda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň birnäçe ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri has anyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru