Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady

0
870
0
0

17-nji noýabrda Aşgabadyň Sergi köşgünde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2015” atly 20-nji halkara maslahat we sergi açyldy. Bu wekilçilikli forumy Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Bu foruma dünýäniň 40-a golaý ýurdundan – Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna  agza ýurtlardan we beýleki döwletlerden iri kompaniýalaryň 160-dan gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Iri kompaniýalaryň we şereketleriň diwarlyklarynda türkmen hünärmenlerini gyzyklandyrýan hem-de ýakyn geljekde nebitgaz pudagynda gerek boljak zatlaryň ählisi görkezilýär. Bu kompaniýalar Türkmenistanyň iň täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nazara almak bilen, Aşgabada özleriniň iň soňky işläp taýýarlamalaryny getirdiler.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň – Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, “Türkmennebitgazgurluşyk”, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Nebit we gaz institutynyň, ýurdumyzyň baý nebit we gaz ýataklarynda iş alyp barýan beýleki pudaklaýyn kärhanalaryň birnäçesiniň diwarlyklarynda Türkmenistanyň nebit, gaz,  nebiti gaýtadan işleýän hem-de himiýa senagatynyň gazanan      üstünlikleri we bu pudaklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary görkezilýär.

Mundan başga-da, sergi iň täze gazanylanlar we tehnologiýalar, şol sanda uly gaz gatlaklaryny ýüze çykarmak, dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, turba geçirijileri       talabalaýyk ulanmak, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri babatda tehnologiýalar bilen tanyşdyrýar.

Maslahatyň işiniň birinji gününiň gün tertibi üýtgäp durýan global energetika ulgamynda Türkmenistanyň we Hazar deňzi sebitiniň tutýan    orny, Türkmenistanyň uglewodorod çil malynyň monetizasiýasy, Türkmenistanyň ileri tutulýan maýa goýum ugry, nebiti we gazy gaýtadan işleýän  hem-de nebithimiýa senagatynda häzirki we geljekki mümkinçilikler diýen mowzuklaýyn  bölümlerden ybarat boldy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru