Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

08:0818.11.2015
0
2816

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Sergeý Prihodkony kabul etdi. Ol Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada geldi.

Myhman wagt tapyp, kabul edendigi hem-de myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedewiň salamyny ýetirdi. Prezident Wladimir Putiniň tabşyrmagy boýunça Russiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özi üçin islendik amatly wagtda Russiýa Federasiýasyna gelmek baradaky çakylygy ýene-de ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýanyň wise-premýeri netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli guralýan dostluk gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda russiýaly wise-premýer öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan we olaryň tabşyrmagy boýunça türkmen döwletiniň Baştutanyna uzakmöhletleýin geljek üçin guralýan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň