Pol Le Guen: «Soňuna çenli göreşeris»

0
362
9
0

2:1 hasabynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanan duşuşykdan soňra Omanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi, fransiýaly hünärmen Pol Le Guen žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Sowal: Siziň pikiriňizçe tälimçilik edýän toparyňyzyň ýeňlişiniň esasy sebäbi näme?

Jogap: Men, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ýygyndysyny, baş tälimçisini gazanylan ýeňiş bilen gutlaýaryn. Türkmen futbolçylary bu duşuşykda ajaýyp oýun görkezdi. Biziň ýeňlişimiziň sebäbi barada aýdylmaly bolsa, oýunçylarymyz biri-birine pökgini dürs geçirmekde käbir hatalary goýberdiler. Köpçülikleýin hüjüme gidilmeginiň nätijesinde goragda boşluklar döredi. Onsoňam, duşuşykda dörän köp sanly mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmezligimiz oýny biziň haýrymyza çözmedi.

Sowal: Siz bu netijä garaşypdyňyzmy?

Jogap: Biz Türkmenistanyň ýakynda Eýran bilen geçiren duşuşygynyň netijesinden çen tutup, bu duşuşygyň biziň üçin ýeňil bolmajakdygyny kesgitledik. Garaşyşymyz ýaly hem boldy. Türkmen futbolçylary öz meýdanynda her näçe güýçli topar bolsa-da, kynçylyk döredip biljek derejede oýun görkezýär. Bu günem şeýle boldy. Oýunçylarymyz doly güýjünde oýnap bilmediler. Duşuşygyň gidişinde bolsa oýun kän saklandy. Käbir şikeslenmeler hem netijä täsirini ýetirdi.

Sowal: Türkmenistana saparyňyz sizde nähili täsirleri galdyrdy?

Jogap: Bizi diňe utulyş gynandyrdy diýmeseň, Türkmenistan bilen baglanyşykly ýakymly ýatlamalarymyz galdy. Bizi gowy garşyladylar. Aşgabadyň döwrebap myhmanhanalarynyň birinde ýaşadyk. Türgenleşik üçin hem ähli şertleri döretdiler. Duşuşykda bolsa janköýerleriň şowhunyndan ýurtda futbola uly üns berilýändigine şaýat bolduk. Janköýerler, hakykatdan-da, milli ýygyndyny ahyryna çenli goldadylar.

Sowal: Günüň birinji duşuşygynda Eýranyň Omanyň ýygyndysyndan üstün çykmagy, siziň bolsa bu duşuşykda utulmagyňyz birinji orun ugrundaky göreşiňizde kynçylyklary döretdi. Indiki maksatlaryňyz barada hem aýdaýsaňyz!

Jogap: Her näme-de bolsa, biz ahyryna çenli göreşeris we elimizden näme gelýändigini görkezmäge çalşarys. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna hem indiki duşuşyklarda üstünlikleri arzuw edýärin.

Sag boluň!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru