Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

00:2118.11.2015
0
2945

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2015” halkara sergisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip hem-de dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen iki doganlyk halkyň  mizemez dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny geljekde hem hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy ugur edinýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, özara bähbitli bilelikdäki taslamalary, şol sanda ýangyç-energetika  toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan we Azerbaýjan kuwwatly energetika serişdelerine eýe bolmak bilen, örän baý nebitgaz ýataklaryny netijeli özleşdirmek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny, şol sanda Hazar sebitinden  ýangyç serişdelerini ugratmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça netijeli çäreleri amala aşyrýarlar. Bu ulgamda iki goňşy ýurduň tagallalarynyň birleşdirilmegi Ýewropada we Aziýada energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ählumumy  durnukly ösüşi üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmek ýaly döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ýardam eder. 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman köptaraply döwletara  hyzmatdaşlygyň  hem-de türkmen we azerbaýjan halklarynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň