Soňky habarlar

Arhiw

“Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi öz işini tamamlady

16:3416.11.2015
0
1645

14-nji noýabrda Aşgabadyň Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi öz işini tamamlady.  

Üç günüň dowamynda Sergi merkezi diňe tanyşdyrmalary, işewür gepleşiklerini geçirmegiň ýerine däl-de, eýsem, türkmen ýaşlary – ýurdumyzyň we daşary döwletleriň geljekki talyplary üçin bilim hyzmatlarynyň ýarmarkasyna, interaktiw meýdança öwrüldi. Ýokary synplaryň okuwçylary we olaryň ata-eneleri üçin ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň okuw edaralarynyň wekilleri bilen söhbetdeşlik geçirmäge, özlerini gyzyklandyrýan sowallary bermäge, okuwyň aýratynlygy we hünärleriň sanawy barada maglumat almaga mümkinçilik döredi.

Bulardan başga-da, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň dördüsinde—Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda bilimiň hem-de sportuň innowasion ösüşi bilen bagly meseleler boýunça maslahatlar geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň