Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan we beýleki döwletlerden gelen
telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar. BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna bugdaý uny, azyklyk däne, garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňi, nah ýüplügi, pagta süýümi, buýan köküniň ekstrakty, lint satyldy. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Serbiýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 94 million 543 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, ABŞ-dan we BAE-den gelen işewürler jemi bahasy 2 million 300 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 268 müň manatdan gowrak bolan “Türkmenaglomerat” kondisiýasyz polipropileni (TNGIZT) we ulýugy satyn aldylar.
“Türkmenistan: hepdäniň wakalary”, TDH.