Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

0
1158
2
4

13-nji noýabrda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheriniň birbada 6 ýerinde terroristler ýaragly köp sanly adam heläkçiliklerine getiren hüjümleri gurnadylar. Netijede, 130-a golaý adam heläk boldy. Dünýä metbugatynda bu gandöküşikli waka Fransiýa Ikinji dünýä söweşinden soň iň uly ýetirilen zeper hökmünde häsiýetlendirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Fransua Ollanda ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk hereketleri zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru