Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futzalçylary Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna deňlik bilen başladylar

16:4414.11.2015
0
1126

Şu gün futzal boýunça öňümizdäki ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň merkezi toparçasynyň duşuşyklaryna badalga berildi. Toparçadaky ilkinji duşuşyk Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň futzal ýygyndylarynyň arasynda geçirildi. Duşuşyga ildeşlerimiz şowly başladylar we eýýäm 10-njy minutda Türkmenistanyň ýygyndysy 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Ildeşlerimizden Myrat Annaýew tapawutlandy. Ýöne türkmen futzalçylary bu üstünligini bary-ýogy 10 minutlap saklap bildiler. 20-nji minutda Erkin Tabaldiýew dörän mümkinçilikden dürs peýdalanyp, hasaby deňledi. 27-nji minutda biziň ýygyndymyzyň iň esasy oýunçylarynyň biri Watan Ataýewiň ikinji sary kartdan soň meýdançadan çykarylmagy ildeşlerimizde käbir kynçylyklary döretdi. Muňa garamazdan, olar derwezesine pökgi goýbertmediler. Duşuşyk 1:1 hasaby bilen tamamlandy.

Täjigistanyň Hojand şäheriniň «Kasri werziş» sport toplumynda geçirilen duşuşyga 1200 tomaşaçy syn etdi.

Ildeşlerimiz indiki duşuşygyny ertir Täjigistanyň futzalçylary bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň