Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

16:1414.11.2015
0
1809

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

TürkmenistanyňMinistrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 17-nji noýabrda geçiriljek 9-njy mejlisine görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi. Onuň gün tertibine ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine, ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň işewür we telekeçilik düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge degişli meseleler giriziler.

Mejlisde bank edaralary ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hem habar berildi.

Mejlisiň barşynda Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli 26-28-nji noýabrda geçiriljek jemleýji çärelere, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky ХХХIII mejlisine görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli türki döwletleriň sungat ussatlarynyň çykyşy bu ýerde gurlan 3 müň orunluk “Türkmeniň ak öýünde” geçiriler.

Geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana TÜRKSOÝ halkara guramasynyň, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, doganlyk ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň gelmegine garaşylýar.

Türkmenistanda oba hojalyk işleriniň  alnyp barlyşy barada berlen hasabatda güýzlük bugdaýa ideg edilişi hem-de pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli isripsiz ýygnap almak üçin görülýän çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda Balkan hem-de Mary welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işiniň alnyp barylýandygy  bellenildi.

Mundan başga-da, 28-29-njy noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň pagta önümleriniň V sergi-ýarmarkasyny hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Şeýle hem noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berildi.

Mejlisde döwlet Baştutany “Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky” Karara gol çekip, ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi hem-de bu resminamanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hökümet maslahatynda 17—19-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2015” sergisine hem-de Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna we bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşine bagyşlanan 20-nji halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.   Ykdysady gözden geçirilişe dünýäniň 40-a golaý ýurdundan daşary ýurtlaryň 160-a golaý kompaniýalarynyň wekilleri, köp sanly hünärmenler gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Soňra paýtagtymyzyň Ankara köçesiniň ugrunda nebitgaz toplumynyň buýurmasy boýunça bina edilen  üç sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda merkeziniň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada habar aýdyldy.

Mejlisde ýurduň ykdysadyýetiniň senagat pudagynda işleriň ýagdaýy, barada hem hasabat berdi.

Mejlisde berlen hasabatlarda bellenilen meýilnama laýyklykda, Aşgabadyň ähli künjeklerinde bar bolan desgalaryň durkuny täzelemek  hem-de energetika düzümleriniň desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Şeýle hem hökümet ýygnagynda ýurduň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berildi.

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky 11-nji maslahatyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy habar berildi, onda geljek ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujeti, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kanunlar ara alyp maslahatlaşylar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň