Türkmen türgenleri Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdiler

08:4614.11.2015
0
3011

Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaş türkmen ussatlary golaýda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen halkara ýaryşlaryň ikisinde kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular. Biziň toparymyzyň düzüminde doganlar Ylýas we Güýçgeldi Allanazarowlar tapawutlandylar.

Ýaryşlaryň öňüsyrasynda G.Allanazarow Stoluň üstünde oýnalýan tennisiň halkara federasiýasy (ITTF) tarapyndan guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdy. ITTF tarapyndan işlenip düzülen “Orta Aziýanyň umytlary” atly bu ýörite türgenleşik maksatnamasy 10-11 ýaşly çagalar bilen meşgullanmaga niýetlenendir.

Her ýyl şeýle okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna Orta Aziýa ýurtlaryndan hem-de Eýran Yslam Respublikasyndan geljegine uly umyt bildirýän türgenleriň ikisi (oglan we gyz) iberilýär. Şu ýyl Türkmenistandan sport ussady Raşit Ahmedowyň şägirtleri Güýçgeldi Allanazarow we Selbi Durdyýewa ugradyldy.

Bu okuwlary ITTF-niň  esasy hünärmenleriniň biri Alekseý Ýefremow geçirdi. Ol geçen ýyl Aşgabatda Stoluň üstünde oýnalýan tennisiň halkara federasiýasy tarapyndan guralan tälimçileriň okuw maslahatyny geçirdi.

Okuwlar tamamlanandan soň sport okuwyna gatnaşyjylaryň arasynda halkara ýaryşy geçirildi. Bäsleşikleriň barşynda G.Allanazarow diňe bir oýunda – ýarym finalda Eýranyň toparynyň wekilinden utuldy. Ýöne bürünç baýrak ugrundaky duşuşykda ol ýer eýeleriniň wekilinden – gazagystanly türgenden üstün çykmagy başardy. Biziň türgenimiz şeýle derejedäki ýaryşa ilkinji gezek gatnaşyp, uly üstünlige eýe boldy. Munuň özi ýaş türkmen türgeniniň öňünde uly geljegi açýar.

Türkmenistanyň topary kümüş baýraga 2007-nji ýylda doglan we ondan hem ýaş çagalaryň arasynda geçirilýän “Altyn güýz” atly halkara ýaryşlarynda mynasyp boldy. Bu bäsleşikler stoluň üstünde oýnalýan tennisiň ýaş ussatlarynyň arasynda sport zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär. Ylýas Allanazarow 11 duşuşyk geçirip, olaryň 10-synda ynamly ýeňiş gazandy we diňe bir gezek garşydaşyndan asgyn geldi.

Häzirki wagtda türkmen tennisçileri ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görýärler. Bäsleşik noýabr aýynyň ahyrynda geçiriler. Şu ýylyň soňky günlerinde bolsa Aşgabatda däp bolan “Top-12” milli ýaryşy geçiriler. Bu bäsleşik her ýyl erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň her birinden iň gowy türgenleriň 12-sini jemleýär. Olar duşuşyklaryň barşynda ýylyň iň gowy tennisçisini kesgitleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň