Soňky habarlar

Arhiw

Maksim Şirokow: «Maýkrosoft Türkmenistanyň bilim özgertmelerine goşant goşar»

17:5713.11.2015
0
4447

«Bilim we sport Bitaraplyk we parahatçylyk döwründe» atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjy, «Maýkrosoft» kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça korporatiw bölüminiň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek düzüminiň ýolbaşçysy Maksim Şirokow «Türkmneportalyň» habarçysyna beren interwýusynda şeýle diýdi:

— «Maýkrosoft» — bu gün programma üpjünçiligi boýunça dünýäde iň öňdebaryjy kompaniýalaryň biri. Kompaniýamyz şu ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistandaky resmi şahamçasynyň işini ýola goýdy.

Programma üpjünçiligi boýunça ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplan kompaniýamyz hyzmatdaş ýurdumyz bolan Türkmenistanyň bilim ulgamyny özgertmek işine öz goşandyny goşmagy maksat edinýär. Bu ugurda edilen ilkinji iş dowam edýän okuw ýylynda birinji synpa baran körpelere sowgat berlen kompýuterleriň biziň kompaniýamyz tarapyndan programmalaşdyrylmagydyr. Bu işde täzeçilliklere üns berildi. Esasy zat bolsa, «Maýkrosoftyň» programmalary türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryna ýugrulan özgertmeler bilen baýlaşdyryldy. Okuwçy kompýuterlerine ýerleşdirilen programmalaryň kepilliklidigini we gorag açarlary bilen üpjün edilendigini bolsa aýratyn nygtamak isleýäris.

Geljek üçin hem uly maksatlarymyz bar. Türkmenistandaky şahamçamyz hem «Maýkrosofta», hem-de «Intel» kompaniýasyna wekilçilik edýär. Bu kompaniýalar ýakyn geljekde türkmen ýaşlarynyň kompýuter programmalary boýunça sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen, ýörite okuwlary geçmäge taýýar. Munuň üçin biziň Türkmenistandaky şahamçamyz tarapyndan teklipler berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň