Soňky habarlar

Arhiw

«Montessori-Piter» kärhanasynyň direktory Waleriý Kowşirow: «Biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar»

17:5713.11.2015
0
1459

«Bilim we sport Bitaraplyk we parahatçylyk döwründe» atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjy, «Montessori-Piter» kärhanasynyň direktory Waleriý Kowşirowyň «Türkmenportalyň» habarçysyna beren interwýusynda şeýle diýdi:

— Biziň kärhanamyz indi 15 ýyldan bäri agaçdan we çaga üçin ýaramly bolan beýleki materiallardan ýasalan oýnawaçlary öndürmek bilen meşgullanýar. Türkmenistanda geçirilýän sergilere ilkinji gezek gatnaşýan hem bolsak, geçen ýyllaryň içinde öz önümlerimiz bilen tutuş Ýewropa, GDA döwletlerinden başlap, Demirgazyk Amerika ýurtlaryna çenli ýaýrawymyzy giňeltdik.

Biziň oýnawaçlarymyz, esasan, 6 ýaşa çenli, ýagny mekdep ýaşyna çenli körpelere niýetlenen. Olaryň her biri çaga nämedir bir zady öwretmegi maksat edinýär. Ýeri gelende aýtsak, biziň öndürýän oýnawaçlarymyz bilimiň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşdirilendir. Olaryň kömegi bilen çaga oýun oýnaýan pursatynda bilimiň ugurlary boýunça düşünjeleri alýar.

Çagalaryň zatlary tanamak ukyby uly adamlaryňkydan hem güýçlüdir. Şonuň üçin hem oýnawaçlar ýasalanda iň gowy materiallaryň seçilip alynmagyna hem-de olaryň çaga dünýäsine kybap gelýän dizaýna eýe bolmagyna aýratyn üns berilýär. Galyberse-de, ata-enelerden gelýän islegler hem öwrenilýär. Bu bolsa işimiziň has netijeli bolmagyna ýardam edýär.

Biz Türkmenistanyň bilim we terbiýe beriş edaralary üçin hem bähbitli hyzmatdaş bolup biljekdigimize ynandyrýarys. Şu sergide bolsa Türkmenistanyň bilim edaralaryndan eýýäm, käbir teklipleri aldyk. Olary has içgin öwrenip, geljekde Türkmenistan bilen işleşmek biziň üçin uly şatlyk bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň