Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde türkmen talyplary bilen duşuşdy

14:3813.11.2015
1
2073

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygy açyp, gadymy we myhmansöýer hytaý topragynda saparda bolanynda  hemişe  türkmen talyplary bilen duşuşmak üçin hökman wagt tapmaga çalyşýandygyny aýtdy.

Milletiň Lideri türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna ýokary baha berip, Pekine şu saparynyň nobatdaky gezek Türkmenistany we Hytaýy, türkmen hem-de hytaý halklaryny birleşdirýän hem-de Beýik Ýüpek ýoly döwründen  gözbaş alýan gatnaşyklaryň berkdigini we mizemezdigini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny belledi. Baryp şol döwürde Hytaýyň ilçileri türkmen topragyna gelip, halylarymyzyň ajaýyplygyna we ahalteke bedewlerimiziň gözelligine haýran galypdyrlar diýip, milletiň Lideri nygtady.

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar biziň günlerimizde hem dürli ugurlar boýunça yzygiderli we durnukly ösýär. Şunda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hem özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan transmilli demir ýolunyň gurluşygyny mysal getirdi. Bu ýol Hindi ummanynyň kenaryndaky deňiz portlaryna tarap polat ýollary goşmak arkaly dünýä bazarlaryna çykmak bilen Merkezi Aziýa täze geçelgäni açar.

Döwlet Baştutany syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurdaky gatnaşyklarymyz bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň  açylýandygy bellenildi. Zerur bolan ugurlar boýunça degişli hünärmenleri taýýarlamak üçin halkara şertnamalar  baglaşylýar. Şol şertnamalara esaslanyp, biziň ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow talyplara okuwlarynda üstünlik arzuw edip, Türkmenistany ösdürmäge we özgertmäge, döwletimiziň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşmagy arzuw etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň