Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy

0
206
0
0

12-nji noýabrda “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň işewür hem-de maliýe toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy.

HHR-iň daşary işler ministriniň orunbasary Çen Gopin duşuşygy açyp, şu duşuşygyň özara hereketleriň gerimini giňeldip, oňa uly itergi berjekdiginiň we täze derejä çykarjakdygynyň şübhesizdigini nygtady.

Duşuşykda Hytaýyň ösüş bankynyň hem-de Eksport-import bankynyň ýolbaşçylary çykyş edip, Türkmenistan bilen köpýyllyk özara gatnaşyklary dowam etmäge gyzyklanýandyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlyk meselelerine netijeli çemeleşmeleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biriniň içerki we daşarky ykdysady ýagdaýa çeýe, pragmatik hem-de degişli derejede jogap bolup durýan maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmelidigini   nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmekde Hytaýyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýene-de oňyn netijesini berjekdigini nygtady. Hyzmatdaşlar hökmünde atlary agzalan kompaniýalaryň arasynda

“China Aerospace Science & Industry Corp.» (“CASIC”) aerokosmos ylmy-senagat korporasiýasy,  “China North Industries Group Corporation (NorincoGroup)” korporasiýasy, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (“CNPC”), Hytaýyň “SINOPEC” nebit we himiýa korporasiýasy, “CRRC Corporation Limited”, “Sinopharm Group Company Limited” kompaniýalary, Hytaýyň  «CAMC inžiniring» korporasiýasy,  «Huawei Technologies CoLtd» we “Lenovo Group Limited” kompaniýalary, “JiangsuGuotai International Investment Group» guramasy, Hytaýyň iri “ZTE” (Zhong Xing Telecommunication Equipment Company Limited)   telearagatnaşyk kompaniýasy we beýlekiler bar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru