Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady

09:0713.11.2015
0
4924

12-nji noýabrda Aşgabadyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahat açyldy.

Gözden geçirilişiniň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, dürli ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köp sanly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň, sport edaralarynyň, halkara guramalarynyň, kompýuter hem-de multimediýa tehnikalaryny, lingafon we barlaghana enjamlaryny, mekdep mebelini hem-de okuw-görkezme esbaplaryny, programma üpjünçiligini, sport eginbaşlaryny we enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň 50-ä golaýynyň wekilleri bar.

Bölümleriň onlarçasy Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň bilim ulgamlary, şol sanda magaryf ulgamynda zerur bolan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kompýuter tehnologiýalary bilen tanyşdyrýar. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda milli hem-de halkara guramalary we assosiasiýalary, daşary ýurtlarda okatmak hem-de talyplary alyşmak boýunça agentlikler, okuw edebiýatyny we programma önümlerini öndürijiler bar. Sergä gelýänleriň içinde paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň köp bolmagy bellärliklidir. Çünki bu ýerde dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri barada köp zat bilip, saýlanyp alnan hünär boýunça hünärmenler bilen maslahatlaşyp bolýar.

Sergide aýratyn mowzuklaýyn ugur sport bolup durýar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň esasy sport guramalary, sport enjamlaryny we egin başlaryny öndürijiler bilen tanyşmak bolýar. Şeýle hem sergä gatnaşýanlaryň hatarynda dürli sport federasiýalary we mekdepler bolup, olaryň okuwçylary serginiň açylyş dabarasynda görkezme maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Sergä ilkinji gezek gatnaşýanlaryň hatarynda şu ýyl döredilen Türkmenistanyň bilýard, bouling we ýaýdan ok atmak boýunça milli federasiýalary bar. Türkmen türgenleriniň halkara derejeli abraýly ýaryşlarynda gazanan sylaglary  görkezilen diwarlyklar aýratyn ünsüňi özine çekýär. Bularyň hemmesi paýtagtymyzda  Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçiriljek Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde tanyşdyrylýar.

Günüň ikinji ýarymynda şu ýerdäki mejlisler zalynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň bilim we sport ýaly ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşmeleri işläp düzmäge bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahat şol gepleşikleriň dowamyna öwrüldi.

Onuň işine dünýäniň 34 ýurdundan wekiller—bilim hem-de sport ulgamynyň alymlary we hünärmenleri gatnaşýarlar. Olar ugurdaş bölümlerde şol ulgamlara ornaşdyrylýan innowasiýalar we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini, iň gowy milli dünýä tejribesini ara alyp maslahatlaşarlar.

Bölümler boýunça mejlisler paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde-— Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynda geçiriler.

Forum öz işini 14-nji noýabrda tamamlar. Daşary ýurtly wekiller üçin Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine we paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerlerine baryp görmegi öz içine alýan baý mazmunly medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň