Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy

22:5912.11.2015
0
3287

12-nji noýabrda Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda HHR-iň Baştutany Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu saparynyň iki ýurduň we halklaryň abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutanyny hem-de ýolbaşçylaryny, ähli hytaý halkyny faşizme garşy Jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllyk beýik ýubileýi bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilkinji nobatda, Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagyna, dünýäniň uruşdan soňky gurluşyny emele getirmäge we   halkara gatnaşyklary ulgamyny döretmäge Hytaýyň ägirt uly goşant goşandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de HHR-iň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  hem-de Başlyk Si Szinpin ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berip, ýakyn we uzakmöhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunda söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni ulgamlarda bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk,  ýangyç-energetika toplumy,  ulag-kommunikasiýa ulgamy, medeni-ynsanperwer ulgam,  sport ulgamy ýaly ugurlar we özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriniň ençemesi boýunça pikir alyşdylar.

Iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpini dekabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejedäki Halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

HHR-iň ýolbaşçysy çakylyk üçin hoşallyk bildirip we döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Hytaýyň Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugruny hem-de ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döredijilik başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň