Türkmenistanyň futbol ýygyndysy "D" toparçanyň üçünji ornunda galýar

22:2912.11.2015
0
1883

Şu gün 2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Türkmneistanyň futbol ýygyndysy myhmançylykda Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndy topary bilen duşuşdy.

Iýun aýynda bu ýygyndylaryň arasynda Türkmenistanda geçirilen duşuşyk deňlik bilen tamamlanan hem bolsa, Aziýanyň iň güýçli ýygyndysynyň garşysyna ýeňil oýnuň bolmajakdygy öňden hem mälimdi. Megerem, ildeşlerimizi şu duýgy aljyraňňylyga salandyr ýa-da başga bir zat sebäp bolandyr — ýer eýeleri eýýäm 6-njy minutda Morteza Pouraliganjiniň dürs urgusy bilen öňe saýlandylar.

Birinji ýarymyň galan wagtynda hasap üýtgemese-de, ýer eýelerine ýene-de öňe saýlanmak üçin birnäçe mümkinçilikler döredi. Hatda 30-njy minutdan soňra pökgi iki gezek sütüne degip gaýtdy. Esasan, gorag taktikasyny saýlap alan türkmenistanly futbolçylar bolsa, iň bolmanda şu hasaby saklamagyň hatyrasyna öňe hüjümleri seýrek geçirdiler. Bolanjasynam Eýranyň tejribeli goragçylary gaýtardy.

Ikinji ýarymda hem esasy artykmaçlyk eýranly futbolçylarda boldy. Şeýle-de bolsa 62-nji minutda meýdanyň burçundan berlen pökgini derwezä dürs gönükdirip, hasaby deňläp bilen goragçy Mekan Saparow türkmenistanly futbol janköýerlerini begendirdi. Ýöne biziň janköýerlerimiziň şatlygy bary-ýogy iki minut dowam etdi. Pökgini meýdanyň ortasyndan oýna girizen ýer eýeleri ilkinji hüjüminde hasaby 2:1-e çykardylar. 83-nji minutda bolsa A.Dejaga 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp, hasaby 3:1-e çykardy. Duşuşyk hu şu hasap bilen hem tamamlandy.

Ildeşlerimiz kyn geçen duşuşygyň 37 göteriminde pökgini özlerinde saklap bildiler. Ýer eýelerinden bir, ildeşlerimizden bolsa iki futbolça sary kart görkezildi.

 

Hindistanyň futbol ýygyndysy ilkinji utuklaryny gazandy

Türkmen futbolçylarynyň nobatdaky dünýä we Aziýa çempionatlaryna saýlama tapgyryndaky topardaşlary Hindistan bilen Guamyň arasynda geçirilen duşuşyk toparçadaky orunlaryň üýtgemegine täsir edip bilerdi. Esasan hem duşuşygyň Guamyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanmagy ildeşlerimizi toparçada 4-nji basgançaga düşürjekdi. Ýöne beýle bolmady. Hindistanly futbolçylar duşuşygyň 11-nji minudynda Robin Singiň urgusy bilen öňe saýlandy we bu hasap duşuşygyň ahyryna çenli saklandy. Şeýlelikde, Hindistanyň futbol ýygyndysy toparçada geçiren 6 duşuşygyndan soňra ahyry utuk gazanmagy başardylar.

 

Türkmen futbolçylary toparçadaky ornuny saklap galdy

Hindistanyň ýygyndysynyň guamly futbolçylardan üstün çykmagy bilen ildeşlerimiz toparçada eýeleýän ornuny saklap galdylar. Yzda galan 6 duşuşykdan soňra Türkmenistanyň hem, Guamyň hem 7 utugy bar. Ýöne ildeşlerimiz pökgi gatnaşyklarynda guamly garşydaşlaryndan öňe saýlanýarlar.

17-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek duşuşykda türkmen futbolçylaryna toparçadaky ornuny has-da berkitmäge mümkinçilik bar. Çünki nobatdaky duşuşyk (Türkmenistan — Oman) ildeşlerimiz üçin hem ýeňil bolmaz welin, Guamyň ýygyndysy üçin hem kyn bolar. Çünki Guam şol gün toparçanyň liderini — Eýranyň futbol ýygyndysyny kabul eder. Şol günki duşuşyklarda hindi futbolçylary dynç alar.

17-nji noýabrdaky duşuşyklar «D» toparçanyň iň möhüm oýunlary bolar

Yzda galan 5 duşuşykdan soň, Eýranyň ýygyndysynyň hem, omanly futbolçylaryň hem 11 utugy bar. Häzirlikçe eýranly futbolçylary birinji orna geçirýän zat pökgi gatnaşygydyr. Häzire çenli garşydaş ýygyndylaryň derwezesine 14 pökgi geçiren goňşularymyz öz derwezesine bary-ýogy 3 pökgi goýbertdiler. Omanyň ýygyndysynyň öz derwezesine goýberden pökgüleriniň sany eýranly futbolçylaryňky bilen deň bolsa-da, olaryň garşydaş toparlara geçiren pökgüleriniň sany az. Omanly futbolçylar yzda galan 5 duşuşykda derwezelere 5 pökgi geçirdiler.

Nobatdaky duşuşyklary öňdebaryjylaryň ikisi hem myhmançylykda geçirer. Olary kabul edýän ýer eýeleri — Türkmenistanyň hem-de Guamyň ýygyndylary bolsa üçünji orun üçin göreş alyp barýarlar. Şonuň üçin bu duşuşygyň netijesi türkmen we guamly futbolçylar üçin hem juda möhüm. Mahlasy, 17-nji noýabrdaky duşuşyklar toparçadaky 1-nji we 3-nji orunlaryň eýelerini anyk kesgitlese gerek. Ildeşlerimiz Omanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşykda utuk alyp bilseler, Guam Eýrandan utulan ýagdaýynda toparçadaky ornuny berkidip bilerler. Toparçany üçünji orunda tamamlamak ildeşlerimize Aziýa çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna gönümel çykmak mümkinçiligini berýär.

 

Arslanmyrat Amanow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Omanyň ýygyndysy bilen geçirjek duşuşygyna gatnaşyp bilmez

Eýran — Türkmenistan duşuşygynyň 82-nji minurdynda sary duýduryş kartyny alan ýarymgoragçy, milli ýygyndymyzyň iň esasy oýunçylarynyň biri Arslanmyrat Amanow 17-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek duşuşykda  ildeşlerimize kömek edip bilmez. Çünki bu sary kart tejribeli ýarym goragçynyň toparçadaky ikinji duýduryşydyr. Arslanmyrat toparçadaky birinji sary kartyny hem Eýran bilen geçirilen duşuşykda alypdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň