Türkmen türgeni adaty karate boýunça dünýä rekordyny täzeledi

0
1778
20
0

Türkmen türgenleri adaty karate boýunça halkara derejesindäki iri ýaryşda —  Russiýanyň Tolýatti şäherinde geçirilen fudokan-karate boýunça Russiýanyň Kubogy ugrundaky açyk ýaryşda nobatdaky gezek uly üstünlik gazandylar. Ýaryşa 10 döwletden 500-e golaý türgen gatnaşdy. Biziň türgenlerimiz bu ýaryşda jemi 9 medala — 5 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Diýar Hojaýew Türkmenistanyň sport üstünligine uly goşant goşdy. Ol erkekler toparynda iki altyn we bir kümüş medal gazanmagy başardy.

D.Hojaýew adaty karateniň şahsy kata (toplumlaýyn maşklar) we fukugo (katany ýerine ýetirip, kumite — tutluşyk düşekçesine çykmak) boýunça ýeňiş gazandy. Diýar kümüş medaly Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda bile okaýan ýoldaşlary Rüstem Annaýew we Eýmur Mädeminow bilen toparlaýyn tutluşykda gazandy.

Diýar Hojaýewyň “Iň tiz gazanylan ýeňiş” boýunça dünýäniň täze rekordyny goýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ol eýýäm 7-nji sekuntda tutluşygy öz peýdasyna tamamlamagy başardy. Biziň türgenimiz ilkinji  hüjüminde aýagy bilen garşydaşynyň kellesine dürs urgy geçirdi. Şeýle urga fudokan-karate ýaryşlarynda “ipon”, ýagny “arassa ýeňiş” diýlip baha berilýär. Resmi taýdan hasaba alnan tutluşygyň wagty fudokan-şotokan karate Halkara federasiýasy tarapyndan geçirilýän ähli ýaryşlarda iň ýokary täze netije hökmünde görkeziler. Şeýle tiz gazanylan ýeňiş üçin ildeşimiz ýörite baýrak bilen sylaglanyldy.

Ýene iki medaly Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Nurgeldi Annagurbanow gazandy. Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň başa-baş göreş sport mekdebiniň wekili 10-11 ýaşly türgenleriň arasynda 30 türgenden saýlanyp, altyn medala mynasyp boldy. Şeýle hem Nurgeldi Goçmyrat Gurbanberdiýew bilen birlikde enbu (tilsimleri bellenilen wagtda ýerine ýetirmek) görnüşinde kümüş medal gazanmagy başardy.

Aşgabadyň başa-baş göreş sport mekdebiniň ýene bir wekili Selim Myratdurdyýew 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda şahsy tutluşyklarda altyn medal gazandy. Ol enbu görnüşi boýunça “garyşyk jübüt” çykyşlarda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndan Aýbahar Nurjykowa bilen bilelikde çykyş edip, bürünç medala hem mynasyp boldy. Aýbahar bu üstünliginden başga-da, 16-17 ýaşly türgen gyzlaryň arasynda şahsy tutluşyklarda ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Zöhrejan Jumabaýewa milli ýygyndymyzyň düzümine bäşinji altyn medaly getirdi. Ol gyzlaryň arasynda şahsy kata ýaryşynda birinji orna mynasyp boldy.

Görkezilen şeýle oňat netijeler Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň umumy toparlaýyn hasapda ýer eýeleri Russiýanyň ýygyndysyndan soňra ikinji orny gazanmagyna getirdi. Bu gazanylan üstünlikde Tolýattide geçen ýaryşa türgenlerimizi taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýewiň we Arazdurdy Elliýewiň mynasyp paýlary bardyr.

Türkmenistanyň Adaty karate milli merkeziniň başlygy H.Hojaýewiň bellemegine görä, Russiýada gecirilen bu ýaryş şu ýylyň 2-nji dekabryndan 7-nji dekabryna çenli Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçiriljek has jogapkärli ýaryşa — fudokan-karate boýunça dünýä çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru