Türkmenistanyň Prezidenti «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi

0
584
0
0

Halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Hormatly adamlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilmegi däbe öwrülen «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň bilim we sport ulgamlarynda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde ýetilen sepgitler, toplanan tejribeler bilen tanyş bolmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn!

Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine ýetmeginde bilime, bedenterbiýä we sporta uly orun degişlidir. Bu ulgamlaryň dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebap kämilleşmegi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň möhüm şertleriniň biridir.

Şu ýörelgeden ugur alyp, biz milli bilim, sport ulgamlaryny döwrebap ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledik. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler her bir adamyň, tutuş jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine, milli we umumadamzat gymmatlyklaryna, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ynsanperwer däplerine esaslanýar.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe, oňat dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek esasy maksatlarymyzyň biridir. Şoňa görä-de, bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, mekdebe çenli çagalar, umumy orta, başlangyç, orta we ýokary hünär bilimi edaralarynda bilimiň hilini dünýä derejesine ýetirmek, döwrebap okuw kitaplaryny, gollanmalary taýýarlamak we neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary işe ornaşdyrmak boýunça milli hem-de dünýä tejribesini özünde jemleýän özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şäherlerimizde, obalarymyzda iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze bilim edaralarynyň we sport mekdepleriniň hem-de desgalarynyň gurulmagy, bu ugurlarda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, mugallymçylyk işine öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy gazanan guwandyryjy üstünliklerimizdir.

Häzirki zaman dünýä tejribesinden we bilim ulgamynyň milli aýratynlyklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykmagy hem-de jemgyýetimiziň medeni-aň-bilim, ruhy-ahlak taýdan düýpli özgermegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiň esasydyr.

«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz we amala aşyrýan giň gerimli bilim özgertmelerimiz, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatdaky tagallalarymyz ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine ygrarly nesilleri terbiýelemekde uly üstünlikleri gazanmaga ýardam berýär.

Gadyrly dostlar!

Ynsanyň bagtyýarlygy saglykdan başlanýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň raýatlary, ilkinji nobatda, ösüp gelýän ýaş nesiller köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä giňden çekilýär.

Olimpiýa, yklym we sebit oýunlarynda ussatlyk bilen çykyş etjek sport ussatlary we türgenler taýýarlanylýar. Häzirki döwürde Aşgabat şäherinde sebitde iri sport toplumynyň — Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynyň we bäsleşikleriniň geçirilýän mekanyna öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek biziň möhüm wezipämiz bolup durýar.

Biziň ýurdumyz bilim we sport babatda köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýär. Bu halkara sergisine we ylmy maslahata iri halkara bilim we sport guramalarynyň, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagy hem halkara bileleşiginiň bu ugurda ýurdumyza gyzyklanmasynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýär.

Halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Hormatly adamlar!

Sizi «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilikli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti                                               

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru