Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady

00:2512.11.2015
0
8128

11-nji noýabrda Aşgabatda “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň  söhbetdeşligi” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.

Wekilçilikli ylmy maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň bilelikde geçirýän halkara duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine dünýäniň 37 döwletinden ylmyň wekilleriniň 70-e golaýy – arheologlar, taryhçylar, medeniýeti hem-de sungaty öwrenijiler we antropologlar, beýleki ugurlaryň hünärmenleri geldiler.

Maslahatyň tapawutly aýratynlygy onuň dünýä belli alymlary bir ýere jemlemegidir, olaryň köpüsi türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanyň maddy we ruhy medeniýetiniň ýadygärliklerini öwrenmäge hem-de  aýawly saklamaga  işjeň gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda Timoti Wilýams (Beýik Britaniýa), Barbara Kaim (Polşa), Nadežda Dubowa, Natalýa Solowýewa, Sergeý Laptew (Russiýa) , Mihael Teýlor (ABŞ), Karlo Lippolis, Barbara Çerazetti (Italiýa), Hoakin Mariýa Kordoba (Ispaniýa) ýaly alymlar bar.

 “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, käbir ministrlikleriň we edaralaryň, akademiki institutlaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ýokary okuw mekdepleriň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri,  ylym we medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Umumy mejlisde edilen çykyşlar, şol sanda Madrid uniwersitetiniň professory Hoakin Kordobanyň, Warşawa uniwersitetiniň professory  Barbara Kaimiň, London uniwersitetiniň arheologiýa institutyna wekilçilik edýän Timoti Wilýamsyň, Koreýa Respublikasynyň Milli diplomatiýa akademiýasynyň professory Je Nam Konyň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Natalýa Solowýewanyň çykyşlary uly üns bilen diňlenildi.

 “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň  söhbetdeşligi” atly halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlar we myhmanlar köşgüň giň zalynda ýaýbaňlandyrylan hem-de türkmen halkynyň gadymy taryhy we medeniýeti, özboluşly däpleri hem-de adatlary, sungaty we üstünlikleri barada gürrüň berýän sergileriň gymmatlyklary bilen gyzyklanyp tanyşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň işi ylmy bölümlerde dowam etdi. Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we başlangyjy”, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň muzeýinde “Gündogaryň hem-de Günbataryň gadymy we orta asyrlarda gatnaşyklary”, Türkmen döwlet medeniýet institutynda  “Ýewraziýanyň halklarynyň ruhy dünýäsi”, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “ХХI asyrda halkara aragatnaşyklary we medeni mirasy aýawly saklamagyň meseleleri” diýen bölümler boýunça mejlisler geçirildi.

Şu gün “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň  söhbetdeşligi” atly halkara ylmy maslahat öz işini Daşoguz welaýatynda dowam eder. Alymlar “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghananyň täsin ýadygärliklerine hem-de Daşogzuň döwrebap medeni ojaklaryna baryp görerler, Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa ederler.

13-nji noýabrda “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň  söhbetdeşligi” atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmen  döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda 2015-nji ýylda Mary şäherine “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” derejesiniň berilmegi mynasybetli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda “Türki halklaryň medeni mirasy”  atly döredijilik duşuşygy geçiriler. 

Maslahata gatnaşyjylar üçin baý mazmunly medeni maksatnama “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görmegi, Türkmenistanyň döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary, türkmen paýtagtynyň beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanyşmagy öz içine alýar. Şeýle hem alymlar Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen duşuşarlar.

“Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň  söhbetdeşligi” atly halkara ylmy maslahatyň netijeleri 13-nji noýabrda onuň ýapylyş dabarasynda jemlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň