Awazada VII halkara maýa goýum forumy geçirildi

00:1712.11.2015
0
2238

11-nji noýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň  VII halkara maýa goýum forumy geçirildi, ony ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurady. Nobatdaky işewürlik duşuşygyna dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 200-den köpräk wekiller, halkara we sebit maliýe guramalarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar. Türkmen tarapyndan maslahata ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş ylmy institutlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we ýeten sepgitleri, ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ylmyň we hünär biliminiň, iň täze tehnologiýalaryň we önümçiligi guramagyň usullarynyň, maýa goýumlaryny höweslendirmegiň utgaşdyrylmagy esasynda ykdysadyýetiň täze senagat nusgasynyň kemala getirilmegine ägirt uly ähmiýet berilýär.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça türkmen Lideriniň baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler köpugurly ykdysady ulgamyň kemala gelmegini üpjün etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagat pudaklary ýokary derejede ösdürilýär, kiçi we orta telekeçilige goldaw berilýär. Ykdysady strategiýanyň türkmen döwleti tarapyndan häzirki döwürde geçirilen  ýokary netijeliligi abraýly halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň bilermenleriniň ýokary baha bermekleri bilen birnäçe gezek tassyklanyldy, olaryň hatarynda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky we beýlekiler bar.

Forumyň barşynda  Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýyny, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň eksport kuwwatyny  aýdyň görkezýän wideorolik Türkmenistanda işewürligi ýöretmek üçin ägirt uly mümkinçilikler barada degerli maglumat almaga ýardam berdi.

Foruma gatnaşanlaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň hökümetiniň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Yslam ösüş bankynyň, “Fransiýa – Türkmenistan” Söwda edarasynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň wekilleri, türkmen-türk işewürler geňeşiniň, Türkiýe Respublikasynyň Edaralar we biržalar birleşiginiň,  Hytaýyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň hem-de beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar.

Umumy mejlisiň çäklerinde nebitgaz we nebithimiýa toplumyny, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, ulag-aragatnaşyk pudagyny, maliýe we bank düzümlerini ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak maksadynda daşary ýurt maýalarynyň akymyny artdyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.  Türkmenistanyň gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty ulgamynyň, Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça maýa goýum mümkinçilikleri foruma gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem dokma senagatynda, energetika pudagynda, maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda, obasenagat toplumynda we azyk senagatynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň VII  halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Koreýa Respublikasynyň Halkara söwda assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Maýa goýum forumy tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň