Soňky habarlar

Arhiw

Moldowa Respublikasyndan bilermeniň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi

00:1012.11.2015
0
1305

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleriniň hem-de   Moldowa Respublikasyndan maglumatlar-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda halkara bilermen — geňeşçiniň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi.

Çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň we bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde guraldy. Duşuşygyň barşynda döwlet dolandyryşyna elektron resminamalar ulgamyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmakda öňdebaryjy halkara we milli tejribäni peýdalanmak, durmuş hyzmatlary ulgamyny meýilleşdirmegiň, kämilleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Dolandyryş taslamasy” usulyýetini ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň möhüm meseleleriniň biri boldy, ol dürli derejelerde maglumatlaşdyrmak taslamalaryny, toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamagy, ornaşdyrmagy, utgaşdyrmagy hem-de durmuşa geçirmegini öz içine alýar. Maglumat serişdelerini, internet tehnologiýalaryny ulanmak arkaly durmuş hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmagyň usullary we tejribeleri barada nygtalyp geçildi.

Iki günlük duşuşygyň maksatnamasynda şeýle hem dürli maglumatlar ulgamlarynda — tehniki, kadalaşdyryş, maliýe, dolandyryş işlerinde elektron resminamalaryny girizmek bilen baglanyşykly innowasiýa çemeleşmeler meselelerine garamak göz öňünde tutulandyr.

Mundan başga-da, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşygyň gün tertibine ilata, hususy telekeçiligiň wekillerine öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda durmuş hyzmatlaryny üpjün etmegi ilerletmek bilen baglanyşykly dürli tekliplere garamak, şeýle hem elektron hyzmatlarynyň bitewi döwlet ulgamyny döretmek we eksport-import amallary üçin auksionlary geçirmekde elektron usullaryny ornaşdyrmak meseleleri girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň