Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna sapary başlady

00:0412.11.2015
0
1290

11-nji noýabrda günüň birinji ýarymynda  Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Pekiniň Halkara howa menziline gondy. Uçaryň ýanynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly Hytaý döwletiniň hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri, beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti özüni garşylamak üçin gelen Hytaý Halk  Respublikasynda bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen söhbetdeş boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýaşaýyş şertleri we okaýyşlary we arzuw-islegleri bilen gyzyklanyp, häzirki wagtda bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ägirt uly üns berilýär, bu ertir geçiriljek ýokary derejedäki gepleşiklerde öz beýanyny tapar diýip aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany mähirli garşylanandygy üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirip, olar bilen hoşlaşdy we özüne garaşyp duran awtoulagda bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni howa menzilinden türkmen döwletiniň Baştutanynyň sapary wagtynda bölünip berlen özüniň kabulhanasyna tarap ugrady.

Şu gün Hytaýyň paýtagtynda ýokary derejede türkmen-hytaý gepleşikleri geçiriler, onuň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygy meseleleriniň giň toplumy giriziler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň paýtagtyna şu gezekki sapary iri hytaý kompaniýalarynyň wekillerinde aýratyn uly gyzyklanma döredýär, olar geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürmegi maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň