Soňky habarlar

Arhiw

“Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezi — Aşgabadyň söwda toplumyna täze goşant

23:3511.11.2015
0
12025

Ak mermer hem-de ýörite aýna bilen ýalpyldaýan täze binada nusgawylyk hem-de döwrebaplylyk sazlaşykly utgaşýar. Toplumyň umumy meýdany 40 müň inedördül metrden gowrakdyr. Söwda merkeziniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyklar döredilipdir, ajaýyp yşyklandyryjylar hem-de oturgyçlar oturdylypdyr. Şeýle hem awtoulaglary goýmak üçin ýer gurnalypdyr. 

Toplumyň birinji we ikinji gatlarynda azyk we senagat harytlarynyň giň görnüşleri bolan ýöriteleşdirilen dükanlar ýerleşdirilipdir. Giň söwda zallarynda ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan çykarylýan dürli önümleri satyn almak bolýar.

Merkeziň meýdançasynyň örän giňdigine garamazdan, alyjy binanyň içine giren ýeriňde oturdylan elektron görnüşli maglumatnama arkaly aňsatlyk bilen ugur alyp, özüne gerek bolan harydy kynçylyksyz tapyp biler. Onuň kömegi bilen toplumyň meýilleşdirilişi bilen içgin tanşyp bolýar, her biri harytlaryň aýry-aýry toparlaryny satmaga niýetlenen ýöriteleşdirilen söwda zolaklarynyň ýerleşdirilişiniň çyzgysy boýunça aýlanyp çykjak ugruňy düzüp bolýar.    

Dükanda satylýan gurluşyk materiallarynyň hatarynda “Derýaplastik” türkmen kompaniýasynyň önümçiliginiň plastikadan taýýarlanan önümleri bar. Bu önümler, mysal üçin, penjire çarçuwalary, germewaçlar hem-de penjire öňlükleri, asma üçeklik, folgirirlenen geçirijiler, muftalar hem-de adapterler, dürli görnüşli suw akdyryjylar, kabel geçirijileri, suwaryjylar we beýlekilerdir. 

Söwda-dynç alyş merkezindäki supermarketde Türkmenistanda öndürilýän azyk önümleriniň ähli görnüşleri bar.   Satylýan önümleriň ählisini sanap çykmak mümkin däl. Olaryň arasynda bereketli türkmen topragynyň baýlyklarynyň hemme görnüşleri: hyýar we pomidor, kelem we turp, gant şugundyry hem-de ýeralmasy, hoşboý ysly alma we armyt we ençeme beýlekiler bar. Önümler ter görnüşlidir. Ýöne olaryň islendik tagamly gaplanan görnüşleri hem bar. Bu ýerde size galla önümlerini hem-de çörek-bulka önümlerini, ter  et we şöhlat, kakadylan miweleri we beýleki süýjülikleri hödürlärler. Şireli suwlaryň, gazly içgileriň we mineral suwlaryň örän baý görnüşi bar.

Peýnir we peýnir önümleriniň köp dürli görnüşlerine hem alyjylaryň mynasyp baha berjekdigi gürrüňsizdir. Şol önümler bu ýere ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maldarçylyk toplumlaryndan getirilýär.

Mundan başga-da, bu ýerde dürli miwelerden täze sykylyp alnan miwe suwlaryndan dadyp görmek bolýar.

Bu ýerde sowgatlyk önümler satylýan dükan, äýnek dükany, himiki usulda arassalaýjy hem-de zerur aluw-satuw işleri geçirilende alyjylaryň wagtyny  tygşytlamaga mümkinçilik berýän daşary ýurt puluny çalyşýan nokat ýerleşdirilipdir.

Birinji gatda kompýuter tehnikalarynyň, teleradio we hojalyk harytlarynyň, sport egin-eşikleriniň hem-de sport enjamlarynyň dükanlary, galantereýa hem-de kitap dükany, öýjükli telefonlara hyzmat ediş merkezi, dermanhana we beýlekiler jemlenipdir.

Mundan başga-da, bu ýerde Türkmenistanyň dokma pudagynyň kärhanalary tarapyndan çykarylýan ýöriteleşdirilen dokma önümleri dükany bar. Şol önümleriň içinde çagalar we ulular üçin egin-eşikler, şol sanda sport hem-de dynç almak üçin niýetlenen owadan, ajaýyp örme we jinsi önümleri bar. Olar häzirki zaman biçiwüniň talaplaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Arassa pagtadan taýýarlanan hojalykda ulanylýan dokma önümleriniň giň görnüşleri satylýar. Ýorgan-düşek daşlyklary, tüýjümek süpürgüçler, aşhana önümleri ýokary hilli halkara ykrarnamasyna mynasyp boldy. Panbarhat, keteni milli matasyny, ştapeli we beýleki matalary satyn alyp bolýar.

Dizaýnerler parfýumeriýa önümleri bölümini bezemek işine hem döredijilikli çemeleşipdirler. Bu ýerde dünýäde meşhur bolan müşki-anbarlar, dürli kosmetiki serişdeler we köpsanly beýlekiler satylýar.

Şaý-sepler dükanynda altyn we kümüş önümler goýlupdyr. Şol önümleriň her biri gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgasy bolup hyzmat edýär hem-de milli buýsanjymyzyň bir bölegine öwrülendir.

Türkmen ussat zergärleriniň zehini hem-de ylhamy bilen döredilen bezeg şaý-sepleriniň dürli görnüşleri hemmelerde, aýratyn-da, gelin-gyzlarda ählumumy guwanç döredýär.

Söwda bölümleriniň ýene-de birinde haly hem-de halk amaly-haşam sungatynyň önümleri bar. Olar gözelligi boýunça täsin, ölçegi we bezelişi boýunça örän köpdürli bolan arassa ýüňden taýýarlanan elde dokalan halylar we haly önümleri hem-de däp bolan halatlar, donlar, ajaýyp nagyşly tahýalar we beýlekilerdir. 

Amaly-haşam sungatynyň, halk senetçileriniň özüne çekiji we haýran edýän önümleriniň giň görnüşleri türkmen saz gurallary hem-de milli egin-eşikler, öýde dokalan ajaýyp ýüpek önümleri, halyçylyk enjamlary we türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny şöhlelendirýän dürli-dürli ýadygärlik önümleri satylýan dükanda ýerleşdirilipdir. Ýadygärlik önümleriniň arasynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen önümlere aýratyn orun berilýär.

Üçünji gatda ýaraşykly kafeteriýa  ýerleşip, onda buzgaýmak we beýleki süýjüliklerden dadyp bolýar.

Onuň gapdalynda çagalaryň meýdançasy—hakyky “çagalar dünýäsi” bar. Oýun awtomatlary hem-de attraksionlary, çagalaryň ajaýyp we her dürli oýnawaçlary bolan bu meýdança diňe bir körpeleriň däl, ulularyň hem ünsüni çekýär. Şu ýerde 45 orunlyk kinoteatr hem bar. Onda dürli ölçegdäki filmler görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň