Soňky habarlar

Arhiw

“Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze edara binasy işleri döwrebap ýola goýmaga mümkinçilik berýär

22:2511.11.2015
0
2755

 “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň  dört gatly ak mermerli edara binasy Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň gurluşyklaryna bezeg berýär. Ol  1,78 gektar meýdany eýeleýär.  Onuň ýanaşyk ýerleri döwrebap abadanlaşdyryldy, bu ýerde dürli agaç nahallary oturdyldy. Bu taslama döwrebap binagärlik-inženerçilik çözgütleriniň esasynda ekologiýa taýdan howpsuz serişdeleri ulanmak arkaly amala aşyryldy.

Binanyň öň tarapy ýeňil altyn reňkli germewler bilen bezeldi. Özboluşly sütünler binanyň görküni has-da artdyrýar. Edara binasynyň içki otaglary açyk reňklerde bezeldi, munuň özi edara binasynyň yşyklandyrylyşynda möhüm ähmiýete eýedir. Dizaýnerler binanyň bezeginde ýurdumyzyň döwletliliginiň nyşany bolan türkmen halylarynyň göllerini ulandylar.

Dürli täjirçilik amallaryny geçirmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglar edara binasynyň birinji gatynda ýerleşýär. Bu ýerde şeýle hem kassalar we beýleki degişli otaglar bar. Müşderileri kabul etmek we olara hyzmat etmek üçin ähli şertler döredildi, amatly ýumşak mebeller bolsa bu  ýerde netijeli işlemäge hem-de göwnejaý dynç almaga mümkinçilik berer.

Möhüm meseleler boýunça ýygnaklar we işewür duşuşyklary 100 hem-de 20 orunlyk mejlisler zallarynyň ikisinde geçiriler. Bu ýerdäki ähli otaglar iň täze tehnologiýalar, wideo we konferens-aragatnaşyk ulgamy, maglumatlary goramak serişdeleri bilen üpjün edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň