Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlary baş gullugynyň täze edara binasy: tanyşlyk

22:0611.11.2015
0
6630

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlary baş gullugynyň Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda gurlan  täze edara binasynda binada gullugyň işgärleri we müşderiler üçin has oňaýly şertler döredildi. Birinji we ikinji gatlarda uçar peteklerini satmak üçin niýetlenen kassalaryň 38-si ýerleşýär. Maglumat tablolary, sorag-jogap bölümi, sensor elektron ulgamlary (“Touch screen”) raýatlarymyzyň hyzmatyndadyr. Şol elektron ulgamlaryň kömegi bilen awiakassalara “elektron nobatyny” bellige goýmak, zerur bolan maglumatlary almak, özbaşdak uçarpetekleri satyn almak ýa-da öňünden bellemek bolýar. Bu ýerde kafeteri, pul çalşylýan nokat bar.

Mundan başga-da, üçünji gatda petek kassalarynyň ýene-de bäşisi ýerleşýär. Olar “biznes” derejeli ýolagçylara hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde syýahatçylyk kärhanalarynyň edaralary, Internet arkaly petekleri almak üçin niýetlenen elektron ulgamlar, 30 orunlyk mejlisler zaly hem ýerleşýär.

Binanyň dördünji gaty “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlary baş gullugynyň işgärleriniň iş otaglary üçin niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň