Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze açylan bilim we terbiýeçilik edaralary ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär

21:5011.11.2015
0
2131

Aşgabadyň beýleki ýaşaýyş jaý toplumlarynda bolşy ýaly, 13-nji tapgyrda hem bilim we mekdep ýaşyna çenli terbiýe edaralarynyň desgalary—her biri 600 orunlyk orta mekdepleriň 2-si hem-de her biri 160 körpä niýetlenen çagalar baglarynyň 2-si guruldy.

Döwrebap enjamlar, şol sanda multimediýa enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu desgalar çagalara döwrebap  bilim we terbiýe bermek, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertlere hem-de mümkinçiliklere eýedir. Mekdepleriň ikisiniň hem binalary meňzeşdir. Olaryň her biri üç gatdan ybarat bolup, 1,99 gektar meýdanda ýerleşýär. Şunda mekdepleriň abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga öwrülen çäginiň umumy meýdany 14,5 müň inedördül metrden gowrakdyr. Çagalar baglarynyň binalarynyň meýdany olaryňkydan biraz azrakdyr, ýöne olara ýanaşyk ýerleriň meýdany bolsa has köpdür, ýagny 38 müň inedördül metre golaýdyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň