Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda gurlan ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşlyk

21:4111.11.2015
0
1780

Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň gurluşyklarynda ýoluň bir tarapynda edara binalary, beýleki tarapynda bolsa Aragatnaşyk ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň buýurmasy boýunça gurlan belent ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär.

Jemi 638 öýden ybarat bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 11-si hem (3, 4, 5 otagly) ýerasty awtoduralgalar bilen üpjün edildi, olaryň ýanaşyk ýerlerine dürli agaç nahallary hem-de bezeg gülleri ekildi. Bu ýerde çagalaryň oýun hem-de sport meýdançalary döredildi, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin aýratyn jaýlar göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň