Aşgabadyň Oguzhan köçesiniň durky täzelenen bölegi bilen tanyşlyk

0
99
0
0

Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň arasynda iki ýarym kilometrden hem gowrak ýere uzalyp gidýän Oguzhan köçesiniň täze bölegi Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň gurluşyklarynyň hataryna girýär. Ol awtoulag hereketini dolandyrmagyň we energiýa serişdelerini tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly ýol yşyklarynyň döwrebap ulgamlary, maglumat tablolary bilen üpjün edilip, häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu ýerde ýoluň gatnaw böleginiň hem-de ýanýodalaryň örtügini täzelemek boýunça işler ýerine ýetirildi. Köçäniň ugrunda bezeg agaç nahallary oturdyldy.

Ýoluň gatnaw böleginiň umumy ini 30 metre barabardyr, her ugur boýunça 4 gatnaw zolagy göz öňünde tutuldy. Kömekçi ýollar bilen birlikde, köçäniň giňligi 50 metre golaýdyr. Ýeri gelende aýtsak, kömekçi ýollar esasy ýoluň gatnawyny düşýän agramy has ýeňilleşdirýärler hem-de awtoulaglaryň ýaşaýyş jaý toplumlaryna, söwda merkezlerine, kafelere, restoranlara hem-de köçäniň ugrunda ýerleşen beýleki desgalara bökdençsiz barmagyny üpjün edýär.

Ýoluň tutuş ugrunda ýerasty geçelgeler, döwrebap bezelen we zerur bolan enjamlar, şol sanda howany çalyşýan we ýyladýan ulgamlar bilen üpjün edilen awtobus duralgalary guruldy. Olar ýylyň islendik paslynda-da ulaga garaşýan ýolagçylara iň oňaýly şertleri döredýär.

Ýol gurluşygy ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary özünde jemleýän hem-de ähli görkezijiler babatda iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýolunyň nobatdaky böleginiň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň   durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmeginiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde  ulag-kommunikasiýa düzüminiň döredilmegi babatda uly ähmiýete eýedir. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru