Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisi geçirildi

12:2011.11.2015
0
2334

10-njy noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň  we Ermenistan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, şol sanda iki ýurduň pudak ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme meseleleri girizildi. Söwda-ykdysady we maliýe ulgamlary, ýangyç-energetika we ulag pudaklary, medeniýet, sport we syýahatçylyk, maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk onuň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça bitirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar geçen döwrüň içinde esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça  özara gatnaşyklaryň işjeňleşendigini belläp, gurluşyk serişdeleri senagaty, oba hojalygy, halkyň sarp edýän harytlaryny we azyk senagatynyň önümlerini, ýerli çig maly peýdalanmak bilen innowasion tehnologiýalara esaslanan bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmek babatda  hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda pikir aýtdylar.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nazara almak bilen, Türkmenistandan Ermenistan Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek bilen bagly meseleleri işläp taýýarlamak hakynda teklip aýdyldy.

Toparyň agzalary ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi barada aýdyp, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly boýunça ýükleri daşamagyň amatly boljakdygyny bellediler. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar bazarlary döretmek we ösdürmek arkaly iki ýurduň eksport edýän harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak barada aýtdylar.

Ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ylmy-tehniki gazanylanlary hem-de bar bolan innowasion işleri alyşmagy ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň ylmy institutlarynyň we merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmek maksady bilen ylmy-tehniki gatnaşyklaryň anyk çärelerini kesgitlediler.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek halkara möçberindäki möhüm sport wakasy—Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen baglylykda sport ulgamy türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň sport federasiýalarynyň we guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar sport, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynda özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň degişli döwlet düzümleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek babatda pikirlerini beýan etdiler.

Hökümetara toparyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekilip, onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen anyk ädimler kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň