Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

12:1311.11.2015
0
2347

10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşýan wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip Aşgabatda gelen Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Ýerwand Zaharýany kabul etdi.

Bilelikdäki toparyň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler barada aýtmak bilen, bu topara ermeni tarapyndan başlyklyk ediji Ýerwand Zaharýan Aşgabatda geçirilýän bu gezekki duşuşygyň, edil ozalkylary ýaly, döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine we türkmen hem-de ermeni halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklary pugtalandyrmaga, uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda ýola goýulýan köp ugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň has amatly ýollaryny  we ugurlaryny kesgitlemäge gulluk etjekdigine ynam bildirdi.

Işjeň we netijeli geçen duşuşygyň barşynda gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar pudaklardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Ylym, energetika, senagat  pudagy we oba hojalygy boýunça hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti  we Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri iki ýurduň arasyndaky birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň türkmen we ermeni halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Ermenistan Respublikasynyň  Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Badalýan gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň