Türkmen türgenlerinne Ýeňil atletikanyň halkara federasiýasynyň (IAAF) sertifikatlary gowşuryldy

0
722
0
0

Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetinde Türkmenistanyň esasy tälimçileriniň we türgenleriniň ýigrimisine Ýeňil atletikanyň halkara federasiýasy (IAAF) tarapyndan esaslandyrylan sertifikatlary gowşurmak dabarasy boldy. Olar tälimçileri taýýarlamak boýunça birinji derejeli 10 günlük tehniki okuwlary özleşdirdiler, şol okuwlary Aşgabatda IAAF-niň lektorlary geçirdiler.

Halkara federasiýa şeýle seminarlary geçirmek hem-de ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak babatda baý tejribesi bolan hünärmenleri iberdi. Ýewgeniý Şumarin (Täjigistan) we Larisa Iwşina (Gazagystan) şeýle türgenler bolup durýar.

Nazaryýet sapaklary Milli Olimpiýa komitetinde, amaly tejribeler bolsa “Köpetdag” sport toplumynyň ylgaw ýodalarynda geçirildi. IAAF-niň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan okuwlar ýaş tälimçileri we tejribe toplap başlan halypalary okatmaga niýetlenendir. Halkara nusgasyndaky sertifikatlary almak üçin okuwlara gatnaşyjylar synaglary tabşyryp, olaryň hötdesinden üstünlikli gelmegi başardylar. Şol sertifikatlar dünýäniň ähli ýurtlarynda hakyky bolup durýar.

Ý.Şumariniň we L.Iwşinanyň belleýşi ýaly, türkmenistanlylar sapaklaryň barşynda doly netije gazanmaga uly gyzyklanma bildirýärler hem-de ýeňil atletika boýunça biziň ýaş türkmen halypalarymyzyň geljekde zehinli we tanymal türkmenleriň ençeme neslini ýetişdirjekdigine umyt baglaýarlar. Munuň özi okuw işinde geljegi uly başlangyç bolup durýar.

Gazagystanyň at gazanan tälimçisi Larisa Iwşina, häzir eýýämden öz okuwçylaryny Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlaýandygyny aýtdy. Olaryň arasynda dürli Aziýa ýaryşlarynyň, şol sanda ýapyk binalarda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler bar. Ýöne, Türkmenistanda toplumlaýyn ýaryşlarda oýunlara gatnaşjak toparlaryň ýurtlarynyň sanawynyň ep-esli artmagy bilen baglylykda medallary gazanmak çylşyrymly bolar. Munuň özi Aşgabat—2017-niň Aziýa ýaryşlarynyň çäklerinden çykýandygyny aňladýar, sebäbi Aziýa oýunlaryna diňe yklymyň Aziýa böleginiň däl-de eýsem Okeaniýa sebitiniň ýygyndylary hem gatnaşarlar.

Häzir türkmen ýeňil atletikaçylary 30-njy noýabrdan 12-nji dekabra çenli aralykda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada geçiriljek halkara okuw – tälim beriş ýygnanyşyklaryna gatnaşmaga taýýarlanýarlar. Bu ýygnanyşyklar jogapkärli ýaryşlara – fewral aýynda Katarda geçiriljek Aziýa çempionatyna hem-de geljek ýylyň mart aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýapyk binalarda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyryna öwrüler.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy topary Braziliýada geçiriljek 2016-njy ýylyň tomusky Olimpiadasyna taýýarlyk görýär. “Olimpiýaçylaryň” gutarnykly düzümi entek kesgitlenmedi, sebäbi seçip alyş ýaryşlarynyň birnäçesi geçiriler, şonda hem Rio-de-Žaneýroda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar ugrunda bäsleşiler. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru