Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly futbolçy topary bilen nobatdaky üstünligini gazandy

17:0210.11.2015
0
2829

Özbegistanyň Garşy şäheriniň «Nasaf» futbol toparynyň 30 ýaşly kapitany, türkmenistanly futbolçy Artur Geworkýan şu ýyl topary bilen Özgebistanyň Kubogyna mynasyp bolupdy. «Nasaf» ýakynda tamamlanan Özbegistanyň çempionatynda hem bürünç medaly eýeledi.  Toparyň bürünç medal ugrundaky esasy bäsdeşi «Bunýadkoryň» 29-njy tapgyrda «Almalyk» bilen 1:1 hasabynda deňlik bilen oýnamagy türkmen futbolçysynyň toparyna ilkinji üçlüge girmäge mümkinçilik berdi.

Artur Geworkýan — Aşgabadyň «Nisa» futbol mekdebiniň uçurymy. Onuň ilkinji tälimçisi Boris Grigorýans. Futbolçy dürli ýyllarda «Şagadam» (Türkmenbaşy), «Ýesil-Bogatyr» (Gazagystan), «Aşgabat», «Şurtan» (Özbegistan), «Pahtakor» (Özbegistan) ýaly toparlarda çykyş etdi.

A.Geworkýan Özbegistanyň «Nasaf» toparynyň düzümine 2011-nji ýylda goşuldy. Şol ýylda türkmen futbolçysy topary bilen çempionaty ikinji orunda tamamlady, Kubok ýaryşynyň finalyna çykdy, AFK-nyň Kubogynda bolsa «Iň gowy oýunçy» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Artur «Nasaf» bilen 2012-nji ýylda Özbegistanyň Kubogynyň finalynda ikinji gezek çykyş etdi. 2013-nji ýylda bolsa Özbegistanyň Kubogyna üç gezek gatnaşan, şol möwsümi bolsa iň netijeli hüjümçileriň sanawynyň ikinji basgançagynda tamamlan (18 pökgi bilen) ildeşimiz özbegk ligasynda çykyş edýän iň gowy legioner hökmünde ykrar edildi.  2014-nji ýylda ol topary bilen çempionatda ýene-de bürünç medala mynasyp boldy, bu gezek hem 18 gezek tapawutlandy.  

Artur Geworkýan Türkemnistanyň futbol ýygyndysynyň düzüminde 12 duşuşyk geçirdi we iki gezek tapawutlandy. Ol milli ýygyndynyň hatarynda ýaşyl meýdana ilkinji gezek 2008-nji ýylda dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Kambojiýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşykda çykdy. Dünýä çempionatynyň häzirki dowam edýän saýlama duşuşyklarynyň bolsa üçüsine gatnaşdy. A.Geworkýanyň gatnaşan duuşyklarynda milli ýygyndymyz ýeňlip görmedi. Birinde deňlik gazanan ildeşlerimiz (Türkmenistan 1:1 Eýran) ikisinde ýeňiş gazandy (Türkmenistan 2:1 Hindistan; Türkmenistan 1:0 Guam).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň