Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň binalary açylyp, ulanylmaga berildi

0
1292
140
0

Şu gün Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň binalary dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda açylyp, ulanylmaga berlen binalar:

  • Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Köpetdag etrap bölüminiň edara binasy, potratçysy «Gujurly inžener» hojalyk jemgyýeti;
  • Köpetdag etrap prokuraturasynyň edara binasy, potratçysy «Rysgally zähmet» hojalyk jemgyýeti;
  • Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 12 gatly, 66 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Rysgally zähmet» hojalyk jemgyýeti;
  •  Köpetdag etrap polisiýa bölüminiň edara binasy, potratçysy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy;
  •  Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 12 gatly, 44 öýli, dükanly ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy;
  •  Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň edara binasy, potratçysy «Çeper gurluşyk» hususy kärhanasy;
  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň edara binasy, potratçysy «Çeper gurluşyk» hususy kärhanasy;
  • Köpetdag etrap kazyýetiniň edara binasy, potratçysy «Gujurly inžener» hojalyk jemgyýeti;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 12 gatly, 44 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Gujurly inžener» hojalyk jemgyýeti; 
  • Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň 12 gatly, 44 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti;
  • Saglyk öýi, potratçysy «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti;
  • Köpetdag etrap häkimliginiň edara binasy, potratçysy «Myradym» husysy kärhanasy;
  • Oguzhan köçesiniň Bitarap Türkmenistan şaýolyndan Garaşsyzlyk şaýoluna çenli bolan aralygyny döwrebap şekilde abadanlaşdyrmak işleri, potratçysy «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy; 
  • «Ätiýaçlandyryş hyzmatlary» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň edara binasy, potratçysy «Ösüş gurluşyk» hususy kärhanasy;
  • «Aşgabathyzmat» önümçilik birleşiginiň «Owadan» hyzmat ediş öýi, potratçysy «Ussat inžener» hususy kärhanasy;
  • birinji gatynda söwda we hyzmat ediş merkezi ýerleşýän 3 gatly 200 orunlyk awtoduralga, potratçysy «Ussat inžener» hususy kärhanasy;
  • «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň edara binasy, potratçysy «Dürli-ýaz» hususy kärhanasy;
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň 12 gatly, 66 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Dürli-ýaz» hususy kärhanasy;
  •  «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň 12 gatly, 66 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Ajaýyp bina» hojalyk jemgyýeti;
  • birinji gatynda söwda we hyzmat ediş merkezi ýerleşjek 200 orunlyk awtoduralga,  potratçysy «Ajaýyp bina» hojalyk jemgyýeti;
  • «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň 12 gatly, 66 öýli ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Dowamat» hojalyk jemgyýeti;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň 12 gatly 66 öýli, dükanly ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Berk ýol» hojalyk jemgyýeti;
  • Aşgabat şäher häkimliginiň 12 gatly, 66 öýli, dükanly ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Gümmez gurluşyk» hojalyk jemgyýeti;
  •  her biri 600 orunlyk iki sany mekdep, potratçylary «Polat gurluşyk» hem-de «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetleri;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 12 gatly, 66 öýli, dükanly ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy;
  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 12 gatly 44 öýli dükanly ýaşaýyş jaýy, potratçysy «Polat gurluşyk» hojalyk jemgyýeti;
  • her biri 160 orunlyk iki sany çagalar bagy, potratçylary «Berk Gala gurluşyk» hem-de «Baýly gurluşyk» hususy kärhanalary;
  • «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezi, potratçysy «Nur zaman» hususy kärhanasy;
  • Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Gorag müdirliginiň binalar we desgalar toplumy, potratçysy «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru