Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Eýrana ugrady

10:5710.11.2015
0
1335

Şu gün irden Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň we 2019-njy ýyldaky Aziýa Kubogynyň nobatdaky saýlama duşuşygyna gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Türkmenistanyň 27 adamlyk wekiliýetiniň düzüminde 20 futbolçy we 7 sany tälimçiler toparynyň agzasy bar.

Eýranyň ýygyndysy bilen boljak duşuşyga çagyrylan futbolçylaryň aglabasy Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çykyş edýär. Legionerlerimizden bolsa bu duşuşyga diňe Arslanmyrat Amanow gatnaşar. Ol Özbegistanyň «Almalyk» futbol toparynda çykyş edýär.

Köp sanly okyjylarymyzyň isleglerini nazarda tutup, Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga giden wekilçilikli toparymyzyň düzümi bilen tanyşdyrýarys:

Derwezewanlar:

Mämet Orazmuhammedow, «Altyn asyr»;

Sergeý Kuznesow, «Aşgabat».

Goragçylar:

Serdar Annaorazow, «Altyn asyr»;

Bahtiýar Hojaahmedow, «Altyn asyr»;

Şöhrat Söýünow, «Altyn asyr»;

Mekan Saparow, «Balkan»;

Ýagmyrmyrat Annamyradow, «Balkan»;

Zafar Babajanow, «Ahal»;

Akmyrat Jumanazarow, HTTU.

Ýarym goragçylar:

Ahmet Ataýew, «Altyn asyr»;

Umidjan Astanow, «Altyn asyr»;

Guwanç Abylow, «Hazyna»;

Süleýman Orazow, «Ahal»;

Amir Gurbani, «Balkan»;

Serdar Geldiýew, «Altyn asyr»;

Arslanmyrat Amanow, «Almalyk» (Özbegistan).

Hüjümçiler:

Süleýman Muhadow, «Altyn asyr»;

Serdaraly Ataýew, «Balkan»;

Didar Durdyýew, «Hazyna»;

Berdi Şamyradow, «Aşgabat».

Tälimçiler düzümi:

Çaryýar Ataýew, toparyň başlygy;

Amangylyç Koçumow, baş tälimçi;

Çaryýarguly Seýdiýew, tälimçi;

Tofik Şükürow, tälimçi;

Ahmet Mommadow, lukman;

Wladimr Ýahin, owkalaýjy;

Resul Mämmedow, adminstrator.

Eýran — Türkmenistan duşuşygy 12-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen 17:30-da Tähranyň «Azady» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň