Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Kerwen» atly halkara forum öz işine başlady

10:2410.11.2015
0
7113

9-njy noýabrda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Kerwen” atly forumyň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Koreýa Respublikasy tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde guralýan şu gezekki çäre Türkmenistanda giňden bellenilýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna gabatlanyp geçirilýär.

Çäräniň açylyş dabarasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jong Te-in gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda bu çäräniň türkmen we koreý halklarynyň abadanlygyna we gülläp ösmegine niýetlenen maksatlaryny amala aşyrmak üçin nobatdaky gezek itergi berip, täze mümkinçilikleri döretjegine ynam bildirdi.

“Kerweniň” Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek dört günlük maksatnamasy wakalara örän baýdyr.

Şol gün, günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda koreýaly myhmanlar ylmy okuw geçirdiler. Onuň gidişinde professorlar, syýasatşynaslar we ykdysadyýetçiler jemgyýetçilik diplomatiýasyna, milli medeniýetiň hem-de  medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, “Ýewraziýa başlangyçlaryny” amala aşyrmagyň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryna bagyşlanan işleri bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň hemişelik we oňyn bitaraplygynyň halkara ähmiýetine aýratyn üns berildi, onuň şanly 20 ýyllygy bilen baglanyşykly dürli çäreler diňe bir Türkmenistanda däl-de, dünýäniň köp döwletlerinde, şol sanda Koreýa Respublikasynda hem geçirilýär.

10-njy noýabrda Balkan welaýatynda bilelikdäki senagat ugurly taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan iri koreý kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz portuna we nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp görmegi, şeýle hem polietilen hem-de polipropilen önümçiligi boýunça Gyýanly şäherçesindäki häzirkizaman gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmagy göz öňünde tutýarlar.  

11-nji noýabrda wekiliýetiň agzalary “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda öz işine başlaýan Türkmenistanyň VII halkara maýa goýum maslahatynyň işine gatnaşarlar. Maslahatyň çäklerinde koreý işewürleri türkmen kärdeşleri bilen işewürlik duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýärler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň