Arhiw

Ertir Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň gurluşyklary açylyp, ulanylmaga berler

23:4709.11.2015
0
2644

Ertir paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berler. Tapgyryň binalarynyň hatarynda gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ildeşlerimiziň ýüzlerçe maşgalasy jaý toýlaryny tutar. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça türkmen telekeçileri tarapyndan gurlan her biri 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýjylar üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. 

Tapgyryň binalarynyň hatarynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, hususan-da, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, «Owadan» hyzmatlar öýüniň, paýtagtymyzyň Köpetdag etrabyna degişli dolandyryş we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň täze döwrebap binalary bar.

“Bagtyýarlyk” diýlip atlandyrylýan täze söwda we dynç alyş merkezi bolsa döwrebaplygy bilen paýtagtlylaryň we onuň ýaşaýjylarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler. Tapgyryň desgalarynyň arasynda orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtoduralgalaryň hem bardygyny nygtamak gerek.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň gurluşyklarynyň iň esasy aýratynlygy olaryň ählisiniň türkmen telekeçileri tarapyndan bina edilendigidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň