Türkmen taekwondoçylary Buharada geçirilýän 4-nji halkara ýaryşyň ilkinji gününde 19 medal gazandylar

0
777
57
0

8-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde taekwondo (ITF) boýunça ýetginjekleriň we ulularyň arasynda 4-nji halkara ýaryşy başlandy. Ýaryşyň ilkinji güni Türkmenistanyň ýygyndy topary  jemi 19 medala — sekiz altyn, üç kümüş we sekiz  bürünç medala mynasyp boldy.

Söweş sungatynyň bu görnüşini esaslandyran Çoý Hong Hiniň ýagty ýadygärligine bagyşlanan bu ýaryşa Orta Aziýa ýurtlaryndan 500-den gowrak türgen gatnaşýar. Türkmenistanly türgenler ýetginjekleriň hem-de ulularyň toparlarynda ýaryşda şahsy tuli (toplumlaýyn maşklar) we şahsy sparring (tutluşyk) görnüşinde tapawutlandylar.

Gara guşagyň 1-nji danynyň eýesi Orazmyrat Çaryýew iki altyn medal gazanyp, ýurduň sport üstünliklerine mynasyp goşant goşdy. Halkara derejesindäki ýaryşlarda bu onuň ilkinji üstünligi däldir. Geçen ýylyň baharynda Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçirilen Aziýanyň 7-nji çempionatynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň 17 ýaşly şägirdi dürli görnüşlerde 5 medala – 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldy. Bu üstünlik ýetginjekler toparynda iň ýokary netije boldy. Şonuň netijesinde  O.Çaryýew Aziýanyň absolýut çempiony diýlip yglan edildi. Mundan başga-da, geçen ýyl Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçen taekwondo boýunça dünýä çempionatynda Orazmyrat bürünç medaly eýeledi. Onuň ýene-de iki altyn medala mynasyp bolmagy taekwondonyň ITF ugury boýunça türkmen mekdebiniň halkara derejesinde  ýokary abraýynyň bardygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edýän iň ýaş türgenleriň biri 15 ýaşly Rustam Süleýmanow bir altyn we bir bürünç medaly eýeledi. Bu onuň halkara derejedäki ýaryşda gazanan ilkinji üstünligidir. Bu bolsa ýaş, ýöne gelejegi uly bolan söweş sungaty boýunça ussat türgenimize täze ýeňişlere ýol açýar.

Şeýle hem türkmen ýygyndy toparynyň düzüminde Serdar Gurtgeldiýew we Altyn Agaýewa iki gezek ýeňşe eýe boldular. Serdar bir altyn we bir kümüş medala mynasyp boldy, Altyn bolsa birinji we üçünji orunlary eýeledi.

Türkmenistanly türgenler altyn medallaryň ýene üçüsini gazandylar: ýetginjekler toparynda Goşanyýaz Durdyýew we Abdylla Rejebow tapawutlandy. Uly ýaşly türgenleriň toparynda bolsa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gaýgysyz Atabaýew üstünlik gazandy.

Maksat Ballyýew we Wepa Öwezow ikinji orunlara, Meýlis Nurgeldiýew, Maksat Çaryýew, Resul Amandurdyýew, Batyr Annaýew, Erkebaý Erkebaýew we Muhammet Hudaýberdiýew baýrakly üçünji orunlary eýelediler. 

Türkmenistanyň taekwondo federasiýasynyň (ITF) başlygy Meret Rozyýewyň aýtmagyna görä, Buharada geçen ýaryş halkara derejesindäki beýleki jogapkärçilikli ýaryşlara – ýetginjekleriň we ulularyň arasynda Aziýanyň hem-de dünýäniň çempionatlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar. Yklymda birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlar aprel aýynda Gazagystanda, dünýä çempionaty bolsa sentýabr aýynda Italiýada geçiriler.

Taekwondo (ITF) boýunça 4-nji Halkara ýaryşy 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistanlylara taekwondonyň beýleki ugurlary boýunça hem ýaryşlar garaşýar, şunda türkmen türgenleriniň ýeňiş gazanmaga oňat mümkinçilikleri bar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru