Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elekrtik energiýasynyň möçberi artdylar

12:4908.11.2015
0
1158

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp, 6-njy noýabrda geçirilen mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak baradaky Karara gol çekdi.

Milletiň Baştutany mejlisde doganlyk owgan halkyna parahat we abadan durmuşy gurmaga, goňşy döwletiň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge anyk kömek bermekde  Türkmenistanyň goňşy Owganystan babatda ýüze çykýan üýtgewsiz garaýşyny aýratyn belledi. Gol çekilen taryhy resminama laýyklykda, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli Atamyrat (Türkmenistan)—Andhoý (Owganystan) ugry boýunça Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny iberiler.

Goňşy döwlete elektrik energiýasyny  ibermek işine jogapkärçilik Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň üstüne ýüklenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň