Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheri okgunly ösdürilýär

12:4308.11.2015
0
6116

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp, 6-njy noýabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, Aşgabat şäher häkimligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi boýunça ösüş depgininiň 119,8 göterime deň bolandygyny habar berdi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna serişdeleri özleşdirmek boýunça meýilnama  125,2 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we edilen hyzmatlaryň ösüş depgini hasabat döwründe 118,4 göterime deň boldy, meýilnama 127,2 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 130 göterime barabar boldy, meýilnama 138, 4 göterim ýerine ýetirildi. Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça şol görkejizi 102,8 göterime, onuň eksporty boýunça 109, 4 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi boýunça ösüş depgini 110,2 göterime deň bolup, meýilnama 112, 7 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça degişli görkeziji hasabat döwründe 108, 5 göterime barabar bolup, meýilnama 111 göterim amal edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň