Ulag we aragatnaşyk ulgamynda ösüş 114,4 göterime deň

12:2408.11.2015
0
5541

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp, 6-njy noýabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe bitirilen işler hem-de edilen hyzmatlar babatda meýilnama 114 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 114,4 göterim boldy.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 115 göterime ýetdi.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe hyzmat etmekde ösüş depgini 116,6 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 101,4 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 100,8 göterime barabar boldy.

Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 106,6 göterime deň boldy. Bu döwürde aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 510 müň telefon nokatlary, şol sanda 477,5 müň öýjükli belgi, 6,5 müň radiotelefon belgi hem-de 26 müň ýerli telefon nokady gurnaldy. Geçen döwürde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 12 müň 336 telefon belgilik beketleri gurnaldy hem-de 1 müň 881 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça degişli döwürde howa ulaglarynda hyzmat etmekde ösüş depgini 115,4 göterime ýetdi.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 129,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 100,2 göterime we 140 göterime barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň