Saglyk, sport we syýahatçylyk — ösüşiň möhüm pudaklary

18:0607.11.2015
0
3711

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly,  saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda derman önümçiliginden gazanylan girdejiniň möçberiniň ösüş depgini 142 göterime, daşary ýurt pulunda alnan girdeji 103 göterime barabar boldy.

Sport we syýahatçylyk pudagynda has maksada gönükdirilen işler işjeň alnyp barylýar. Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda 88,4 müň töweregi syýahatçylara hyzmat edildi. Ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumynyň maliýe-hojalyk işlerinden alnan girdejiniň ösüşi 111,6 göterim, daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 102 göterim boldy.

Ýanwar-oktýabr aýlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli derejeli ýaryşlaryň 156-sy hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 78-si guraldy. Türgenlerimiz daşary ýurtlarda halkara ýaryşlarynyň 142-sine gatnaşyp, medallaryň 319-syny: 116 altyn, 73 kümüş, 130 bürünç medal gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň